Balkanda möhleti geçýän dermanlar saglyk işgärleriniň üstüne mejbury ýüklenýär
Resmiler satylman galan bu derman serişdeleriniň pulunyň saglyk işgärleriniň dekabr aýlygyndan saklanyp alynjakdygyny aýdýarlar.
Tabşyryga garşylyk görkezýän işgärlere wezipesinden boşadyljakdygy barada haýbat atylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Müdirlik ýakyn wagtda möhleti geçýän, jemi 2,5 million manatlyk dürli dermanlary lukmanlara, şepagat uýalaryna we agalaryna, sanitar işgärlere paýlap berdi. Resmiler bu dermanlaryň pulunyň işgärleriň dekabr aýlygyndan tutuljakdygyny aýtdylar” diýip, Balkanabat şäheriniň saglyk öýleriniň birinde işleýän lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu dermanlaryň arasynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynda möhleti geçýän antibiotikler, ýürek-damar, aşgazan, bagyr we böwrek keselleri üçin niýetlenen serişdeler bar.
“Her bir saglyk işgärine alýan aýlygyna görä, 800-1300 manat aralygynda derman paýlandy. Saglyk öýüniň ýolbaşçysy dermanlaryň Balkan welaýat saglyk müdirliginden gelen tabşyryk esasynda paýlanýandygyny aýdyp, olary satmagy maslahat berdi” diýip, başga bir ýerli lukman anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda saglyk işgärleriniň aýlygy 1500 - 3000 manat aralygynda üýtgeýär. Lukmanlar özlerine paýlanan dermanlary öz wagtynda satyp bilmeseler, bu olaryň geçmedik dermanlaryň puluny öz hasabyna ödemeli boljakdygyny aňladýar.
Saglyk işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, tabşyryga garşylyk görkezýän işgärler wezipesinden boşadyljakdygy baradaky haýbatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Dekabr aýynda aýlygymyzdan tutuljak serişde köp işgäriň ýarym aýlygyna, käbiriniň ondan hem köp bölegine barabar bolýar. Ýolbaşçylarymyz dekabrda iki aýlygyň zähmet hakyny birden alýandygymyzy aýdýar, ýöne soňra biz ýanwarda, fewralda aýlyksyz, pulsuz näme etmeli?” diýip, ýerli lukman bu dermanlaryň möhleti geçenden soň ulanylan halatynda, ilatyň saglygyna ýetirip biljek zyýany barada hem duýduryp, sözüni jemleýär.
Saglyk işgärleri iş ýüzünde welaýat saglyk müdirliginiň ýakynda möhleti geçýän dermanlary Aşgabatdaky derman kärhanasyna yzyna tabşyrmaga hukugynyň bardygyny aýdýarlar.
Ýöne olar munuň müdirligiň ýolbaşçylarynyň “zyýanyna” bolup biljekdigi sebäpli bu tejribäniň amal edilmeýändigini belleýärler.
“Sebäbi bu derman kärhanasy gönümel ýurduň Saglyk we derman senagaty ministrligi tarapyndan dolandyrylýar. Hasabatlarda welaýatlardan geçmän yzyna gelen dermanlar köp bolsa, onda welaýat saglyk müdiri ynanylan wezipäni oňarmazlykda günäli tapylýar we soň wezipesinden boşadyp bilinýär. Şol sebäpli ýerli başlyk möhleti geçýän dermanlary saglyk işgärleriniň boýnuna dakyp, meseläni çözýär” diýip, welaýatyň saglyk bölümleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Balkan welaýat saglyk müdirliginden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda möhleti geçen we geçip barýan dermanlaryň saglyk işgärlerine paýlanyp, olaryň üstüne mejbury ýüklenmegi bilen bagly ýagdaý geçen ýylyň ahyrynda hem bolupdy.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň saglyk pudagynyň ösdürilýändigini, döwrebap saglyk enjamlarynyň satyn alynýandygyny we saglyk işgärleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini yzygiderli tekrarlaýarlar.
Muňa garamazdan, ýurtda saglyk işgärleri ýyllarboýy dürli basyşlara sezewar edilip gelýärler. Mundan öň lukmanlar öz işi üçin zerur medisina serişdelerini öz hasabyna satyn almaga mejbur boldular. Operasiýa edýän hirurglar arassaçylyk serişdelerini, hatda ellikleri özleri satyn almaga mejbur edildiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.