Sosial ulgamlarda prezidente ýüzlenýän türkmenistanlylar köpelýär, MHM ‘mylakatly’ düşündiriş işlerini geçirýärler
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, raýatlar prezidentden dürli meseleler boýunça kynçylyklaryny çözüp bermegi soraýarlar.
Bu aralykda, ýerli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri bu raýatlaryň köpüsini soraga çekip, öňki tejribelerden tapawutlylykda, olar bilen “mylakatly” düşündiriş işlerini geçirýärler.
Tik-Tok we YouTube sosial ulgamlary arkaly prezident Serdar Berdimuhamedowa edilýän ýüzlenmeler köplenç “Arkadagly Serdarym, bize kömek ediň” diýip başlaýar.
Raýatlaryň kömek soraýan meseleriniň arasynda esasan ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi we giň ýaýran işsizlik meseleleri, ýyladyş ulgamlaryndaky näsazlyklar, şeýle-de gaz, tok we elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler bar.
Noýabr aýynyň ahyrynda elinde iki sany bäbegini saklap, prezidente ýüzlenen bir zenan Jemagat hojalygy müdirliginiň, gaz we elektrik üpjünçilik edaralarynyň işinden şikaýat edýär.
“Ne gaz edara, ne-de tok edara kömek edýär bize. Çagajyklarymyz ölüp gitmelimi? Öýümiz gaty sowuk. Hiç hili seredilenok halka! Şit [jaýlary degişli sebitiň umumy elektrik bekedine birikdirýän geçiriji] almaly diýip, 20 milliona [4000 manada] çenli şidimizi özümize aldyrdylar. Edarada hemme zat, emma halkyňa berenoklar. Kömek etsinler, hemme gurallarymyzy özümize aldyrdylar. Jemi 71 million [14200 manat] çykardyk bizler. Men iýmäne çörek tapamok. Ärim ýarawsyz meniň. Kömek ediň” diýip, ol belleýär.
Başga bir wideo ýüzlenmede türkmenistanly zenan ýerli kazyýet edarasynyň işgärlerini adalatsyzlykda we parahorlukda aýyplaýar.
“Üç sany sütüni çüýrän [hökümet] jaýymy ýykdym. Sebäbi ol öýde çagalaryma howp abanýardy. Sütünler doly çüýräp, jaý çagalarymyň üstüne ýykylar diýip gorkdum. Emma parahor kazyýetler ‘sen hökümetiň jaýyny ýykypsyň’ diýip, meni gorkuzyp, ‘Saňa garşy jenaýat işini gozgajak’ diýip, öýdäki emläklerimi alyp gitdiler” diýip, zenan ýurt ýolbaşçysyndan kömek soraýar.
Azatlykda bu wideolaryň anyk haçan we haýsy sahypalarda çap edilendigi barada maglumat bolsa-da, redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli olary mälim etmekden saklanýar.
Türkmenistanda indi ýedi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň durmuş şertleriniň, güzeran eklenjiniň ýaramazlaşýandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
Ýurtda ilatyň jaý üpjünçiligi meselesi hem ýyllarboýy ýiti mesele bolmagynda galýar. Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda ilatyň gaz, suw, elektrik üpjünçiliginde we ýyladyş ulgamynda bökdençlikler ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Azatlyk bu barada yzly-yzyna habar berýär.
Türkmenistanlylaryň prezidente wideo ýüzlenmelerini sosial ulgamlardaky sahypalarynda çap edýän, daşary ýurtlaryň birinde ýaşaýan türkmen raýaty olaryň bu ýüzlenmeleri etmegine köplenç ýerli edaralaryň raýatlaryň arzalaryny diňläp, olary netijeli çözüp bermezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýar.
“Menden prezidente edýän ýüzlenmelerini sahypamyzda çap edip bermegi soraýan raýatlar ýerli hökümet edaralarynyň öz arzalaryny diňlemeýändigini, ýazýan arzalarynyň barmaly ýerine barmaýandygyny aýdyp, ‘prezident bilse çäre görer’ diýýärler” diýip, sosial ulgamlarda birnäçe ýüz müň followeri, ýagny eýerijisi bolan türkmen raýaty aýtdy. Ol howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorady.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiziň 4-nji dekabrda beren maglumatyna görä, soňky döwür şäher ýaşaýjylary tarapyndan hat üsti edilýän ýüzlenmeleriň sany hem ep-esli artdy.
“Şäher ýaşaýjylarynyň esasy derdi subsidirlenen azyk önümleriň ýetmezçiligi, suw, gaz we tok üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen baglanyşykly. Etrap we welaýat häkimlik administrasiýalarynda zähmet çekýän kärdeşlerimiz hem şeýle ýüzlenmeleriň, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, görnetin artandygyny aýdýarlar” diýip, çeşmämiz aýdýar.
Bu aralykda, Lebapda howpsuzlyk işgärleri prezidente ýüzlenýän raýatlaryň köpüsini soraga çekip, öňki tejribelerden tapawutlylykda, olar bilen “mylakatly" düşündiriş işlerini geçirýärler.
“Soňky hepdelerde MHM işgärleri tas öýüne gitmän işleýärler. Olar Internetde öz arzyny aýtmak üçin ýurt ýolbaşçylaryna ýüzlenýän ýaşaýjylary MHM bölümine çagyrýarlar. Gyzykly ýeri, soňky döwür howpsuzlyk işgärleri olar bilen subordinasiýany saklap, mylakatly düşündiriş işlerini geçirmäge çalyşýarlar” diýip, ýerli polisiýa bölümindäki çeşmämiz aýtdy.
Mundan ozal Azatlyk ýurtda näsag çagalarynyň saglyk bejergisine niýetläp, sosial ulgamlar arkaly ildeşlerinden haýyr-sahawat ýardamlaryny soraýan üpjünçiligi pes maşgalalaryň häkimiýetler tarapyndan basyşlara sezewar edilýändigini habar beripdi. Häkimiýetler olary "ýurtda höküm sürýän bagtyýar durmuşyň" keşbine zeper ýetirmekde aýyplapdylar.
Azatlyk ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginden teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.