Özbek syýasatçysy Russiýa bilen arada wiza düzgüniniň girizilmegini teklip edýär
Mundan başga, Kadyrow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň birleşip, ruslar üçin wiza düzgünini girizmegini teklip etdi. Ol munuň Russiýada "garaşylýan durnuksyzlyk" we Özbegistana göçüp gelýänleriň sanynyň artmagy sebäpli görlen möhüm çäre boljakdygyny aýdýar.
“Garaşylýan durnuksyzlygyň we göçüp gelenleriň sanynyň kesgin köpelmeginiň fonunda diňe biz däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebiti rus syýasatçylarynyň Russiýa bilen wiza düzgünini girizmek baradaky başlangyçlaryny goldamaly diýip hasaplaýaryn. Şeýle-de, gazanç üçin gidýänlerden edilýän talaplary we gözegçiligi güýçlendirmeli” diýip, Alişer Kadyrow öz telegram kanalynda ýazdy.
Şeýle-de, ol Özbegistanda ýaşaýanlaryň hemmesiniň özbek diline, medeniýetine we gymmatlyklaryna hormat goýmagyna çagyrdy.