Rus telekeçisi deslapky tussaghanada öldi
Bir aý öň, geýler üçin syýahat gurandygy üçin diýip, oňa garşy ekstremist aýyplama esasynda kazyýet işi açyldy. Kotow tussag edilen wagtynda elektroşoker bilen ýenjildi. Gulagu.net taslamasynyň maglumatyna görä, görkezme berdirmek üçin, Kotow deslapky tussaghanada kemsidildi.
Andreý Kotow bilen dost bolan žurnalist Aleks Mur “I graýnul Grem” kanalyna beren interwýusynda telekeçiniň gynalandygyny we karserde, jeza kamerasynda saklanandygyny aýtdy.
Derňew onuň özüni öldürendigini öňe sürýär.