Geçen ýyl Belarusda 5890 adama syýasy äheňli “iş kesildi”
Adam hukuklaryny goraýjylaryň hasaplamalaryna görä, bu 2023-nji ýyldakydan 2000 adamyň köp aýyplanandygyny görkezýär
Aýdylmagyna görä, işine seredilen belaruslaryň köpüsi “ekstremist” materiallary ýaýratmakda aýyplanyp, Administratiw düzgün bozma (19.11-nji madda) esasynda jogapkärçilige çekilipdir.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda KGB-niň geçiren köpçülikleýin reýdinden soň, Belarusyň syýasy tussaglarynyň garyndaşlaryny we dostlaryny daşary ýurtdan alnan mugt kömek üçin, Administratiw düzgün bozma esasynda (24.15, 2-ni madda) jogapkärçilige çekmäge başladylar.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, kazyýetler bu işler boýunça 150 höküm çykardy. “Wýasna” ozal bu maddanyň Belarusda ulanylmandygyny aýdýar.
Adam hukuklary merkezinde aýtmaklaryna görä, maglumatlaryň giç gelýändigi sebäpli, hakyky görkezijileriň has-da uly bolmagy mümkin.
Mundan başga, adamlaryň syýasy äheňli ýanalmagy bilen bagly faktlaryň ählisi adam hukuklaryny goraýjylara mälim bolmaýar.