ABŞ Wengriýanyň ýokary derejeli resmisine garşy sanksiýa girizýär
ABŞ-nyň Gazna departamentiniň 7-nji ýanwarda çap eden habarynda aýdylmagyna görä, "wezipesinden özüni we öz partiýasyna wepaly adamlary baýztmak üçin peýdalanan Antal Rogana garşy sanksiýalar girizilýär".
Rogan “Wengriýanyň ykdysadyýetiniň birnäçe strategiki pudagyna gözegçilik etmek, pudaklardan alynýan girdejileri özüne we Orbanyň “Fides” partiýasyna ygrarly adamlara siňdirmek üçin shemalary gurnady" diýip, departament aýtdy.
Orbanyň sag-ganat hökümetiniň ýolbaşçylygyndaky Wengriýa ýurt içinde we daşary ýurtda demokratiýadan yza çekilmekde aýyplandy.
Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Szijarto ABŞ-nyň bu gören çäresini tankytlady we muny ABŞ ilçisiniň “şahsy söwdasy” diýip atlandyrdy.
"Ýene birnäçe günden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna biziň ýurdumyza duşman däl-de, dost hökmünde garaýan adamlar tarapyndan ýolbaşçylyk ediljekdigi nähili gowy zat" diýip, ol saýlanan prezident Donald Trampyň 20-nji ýanwarda boljak kasam kabul ediş dabarasyny nazarda tutup aýtdy. Donalt Tramp Orban barada köplenç gowy sözleri aýdýar.