Almaty polisisýasy satirigi goldan žurnalisti tussag edi
Žapişewa pikete "Satira jenaýat däl" diýen ýazgyly plakat bilen çykdy. Ol protest çäresi başlanan wagtyndan soň üç minut hem geçmänkä tussag edildi.
Şondan bir gün öň Almatyda žurnalist Ruslan Biketow 15 günlük tussag edildi. Ol hem Ensebeki goldaýan plakat bilen pikete çykypdy. Oňa parahatçylykly ýygnanyşyklary geçirmek düzgünini bozmak aýyplamasy bildirildi. Kazyýet işi onlaýn ýagdaýynda geçirildi.
Temirlan Ensebek "sosial ulgamlarda etniki ýigrenji öjükdirmek" aýyplamasy bilen saklanyp, deslapky tussaghana iberildi.
Aktiwistiň tarapdarlary onuň saklanmagynyň sebäbi syýasy äheňli diýip hasaplaýarlar.
Žapişewa "mesele öýkelek Tokaýewde” diýip ýazdy.