Türkmenistanda emeli ‘azyk bolçulygy we arzançylygy’ uzaga çekmedi, ýag, et we ýumurtga gymmatlady
Ýanwar aýynyň üçünji hepdesiniň ahyrynda söwda tekjelerindäki “bol” harytlar ýitirim boldy we “arzan” harytlar gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 20-nji ýanwarda Mary welaýatyndan we Aşgabatdan maglumat berdiler.
“Döwlet dükanlarynda, hamala, bir litr günebakar ýagy 18 manatdan satylýan ýaly edilip goýlupdyr. Ýöne görkezmelik bu ýagy satyn almak isleseň, dükan satyjylary ýagyň nyrhynyň azyndan 30 manada barabardygyny aýdýarlar” diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Alyjylar söwda tekjesinde günebakar ýagynyň bahasynyň 18 manat diýlip görkezilendigi barada soranda, satyjylar “munuň öňki bahadygyny, häzir ýagyň nyrhynyň gymmatlandygyny we nyrh belliginiň entek üýtgetmedigini” aýdýarlar.
“Ýag eýýäm birnäçe günden bäri azyndan 30 manada satylýar. Muňa garamazdan, şäheriň hiç bir döwlet dükanynda onuň täze nyrhy görkezilmeýär. Ýerli söwda resmileri ýag, hamala, arzan bahadan satylýan ýaly edip görkezjek bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar nägile bolýarlar.
Häzirki wagtda sebitiň döwlet dükanlarynda we täjirçilik nokatlarynda bir litr günebakar ýagy 30-40 manat aralygynda bahalanýar. Ýaşaýjylar 30 manatdan başlanýan ýagyň hiliniň öwerlikli däldigini aýdýarlar.
“Bu ýaglardan ýakymsyz ys gelýär we olaryň tagamy hem ajymtyk kakýar. bu ýaglaryň reňki hem gowy däl” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz bazarlarda käbir azyk önümleriniň bahalarynyň hem gymmatlap başlandygyny belläp, olaryň käbiriniň nyrhlary barada maglumat berdi.
“Mundan bir hepde çemesi ozal 1 kilogramy 60 manat bahalanan et 70 manada barabar boldy. Eger diňe çylka et aljak bolsaň, onda onuň bahasy 75-80 manat bahalanýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Täze ýylyň öňüsyrasynda 1 kilogramy 15 manada çenli arzanlan towuk buduny indi diňe 25 manatdan satyn alyp bolýar.
“Ýerli unlaryň 1 kilogramy 8-10 manat, daşary ýurtlardan gelýän unlar 10-15 manat, 1 kilogram pomidor 12 manat, 1 kilogram bürünç, hiline görä, 18-40 manat bahalanýar” diýip, ýaşaýjy belledi.
Paýtagt Aşgabatdaky habarçymyz hem, häkimiýetleriň ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň bahalaryny Täze ýylyň öň we yz ýanyndaky nyrhda saklamak tagallalarynyň netijesiz bolýandygyny habar berýär.
“Döwlet dükanlarynda her ele 30 sany ýumurtga 30 manatdan satylan bolsa, indi ony 40 manatdan bärde satyn alyp bolmaýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda her ýyl Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, döwlet dükanlarynda we bazarlarda azyk harytlarynyň käbir görnüşleriniň emeli bolçulygy döredilýär. Täjirçrilik nyrhyndan ep-esli arzan satylýan bu harytlara ilat arasynda uly isleg bildirilýär. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär we baýramçylykdan sanlyja gün ýa-da hepde soň aradan aýrylýar. Azyk önümleri öňküsinden hem gymmatlaýar.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10% artdyryldy. Bu barada häkimiýetler geçen ýylyň tomsunda yglan etdiler.
Ýöne şondan bäri azyk önümleriniň we durmuş hyzmatlarynyň ençeme görnüşi hem telim göterim gymmatlady.
Türkmen häkimiýetleri ýylyň başyndan aýlyklaryň ýokarlandyrylýandygy barada tekrarlasa-da, azygyň we durmuş hyzmatlarynyň näçe göterim gymmatlaýandygy barada aç-açan maglumat bermeýär.
Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi we adam başyna ýaşamak üçin zerur çykdajylaryň mukdary barada resmi sanlar hem çap edilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.