ABŞ prezidenti wezipesine girişen Donald Tramp Baýdeniň 78 kararyny ýatyrdy
Tramp ilkinji ýerine ýetiriş buýruklaryna "Capital One Arenasynda", müňlerçe tarapdarynyň inagurasiýa dabarasy üçin ýygnanan ýerinde gol çekdi. Täze prezident ozaly öňki prezident Jo Baýdeniň 78 kararyny ýatyrdy.
Olaryň biri agyr jenaýat eden, milli howpsuzlyga wehim salýan ýa-da serhetde tussag edilen adamlary deportasiýa etmek baradaky karar boldy. Bu Trampyň ABŞ-da bikanun ýagdaýda ýaşaýan adamlary deportasiýa etmegi ileri tutýan we ilkinji möhletinde alyp baran syýasatyny yzyna getirýär diýip, “Amerikanyň sesi” belleýär.
Şeýle-de, Tramp Amerikany Pariž klimat şertnamasyndan, Bütindünýä saglyk guramasyndan (BSG) çykarmak we "döwlet senzurasynyň" öňüni almak baradaky kararlara gol çekdi.
Prezident Tramp birnäçe sagada çeken baýramçylykdan soň, 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ak tamyň Owal ofisine girdi. Ol bu ýerde kararlaryň tutuş bir tapgyryna gol çekdi.
Gol çekilen kararlaryň arasynda 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Kapitolide bolan gozgalaňa gatnaşmakda aýyplanýan 1500 töweregi adamyň günäsini geçmek baradaky karar hem bar.
"Bu adamlar - zamunlar" diýip, Tramp aýtdy.