Balkanly lukmanlara paranyň öwezine aýlyklaryny 30%-e çenli ýokarlandyrmak wada berilýär
Azatlyk Radiosynyň welaýat Saglyk müdirligindäki ynamdar çeşmesi bu ýagdaýlary tassyklap, munuň “saglyk resmileriniň Aşgabatdan sebite gelip gitmegi” bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
“Etrap baş lukmanlary maşgala lukmanlaryndan aýlyklaryň ýokarlandyrylmagy üçin 500 manatdan para alýarlar. Soralan parany berenleriň aýlyklarynyň 10 göterim däl-de, 25-30 göterim ýokarlandyryljakdygy wada berilýär” diýip, Türkmenbaşy şäherinde işleýän, ýagdaýlardan habarly maşgala lukmany anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10% artdyryldy. Bu barada häkimiýetler geçen ýylyň tomsunda yglan etdiler.
Balkanly saglyk işgärleriniň ençemesi şäher we etrap saglyk ýolbaşçylarynyň, şol sanda hassahanalaryň we saglyk öýleriniň baş lukmanlarynyň pensiýa ýaşyna ýeten lukmanlara we şepagat uýalaryna “azar bermegi” ýaly wakalaryň hem artandygyny belleýär.
“Pensiýa ýaşy dolan lukmanlar we şepagat uýalary öz iş ýerinde galmak üçin baş lukmana 5 müň manat para bermeli bolýarlar. Olar bu soralýan parany bermeseler, onda olara işlemäge rugsat bermeýärler” diýip, balkanly ýene bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk işgärleriniň tassyklamagyna görä, bu parany bermeýän, pensiýa ýaşyna ýeten lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň deregine ýaş kadrlar işe alynýar.
“Bu ýaş kadrlar hem 50-100 müň manat paranyň öwezine işe alynýar. Bu serişde Merkezi bankyň kursunda 14-28 müň amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhynda 2500-5000 amerikan dollaryna barabar bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly saglyk işgäri belledi.
Lukmanlar saglyk ýolbaşçylarynyň lukmanlardan we şepagat uýalaryndan, şeýle-de ýaş kadrlardan para soramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ozal hem bolandygyny, ýöne häzirki ýaly açyk bolmandygyny nygtaýarlar.
Welaýat Saglyk müdirligindäki ynamdar çeşmämiz hem bu ýagdaýlary tassyklaýar. Ol munuň ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky edarasyndan saglyk resmileriniň gelip, welaýatyň saglyk pudagynda düýpli barlaglary geçirmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Geçen hepde geçirilen barlaglar her etrabyň saglyk ýolbaşçysyna 150 müň manada düşdi, ýagny olaryň her biri bu barlagçylara şunça para berdi. Şol barlaglardan soň, etrap saglyk ýolbaşçylary sarp eden çykdajylaryny ýapmak üçin kanunda göz öňünde tutulan goşmaça mümkinçilikleri öz bähbitlerine ulanmaga başladylar” diýip, çeşmämiz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, gürrüňi edilýän mümkinçiliklere laýyklykda, saglyk resmileri käbir lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň zähmet haklaryny, olaryň iş ukybyna we öndürijiligine görä, 25-30 göterime çenli ýokarlandyryp bilýärler.
“Şeýle-de, olar pensiýa ýaşyna ýeten saglyk işgärlerini işden çykaryp hem bilýärler ýa-da tejribeli işgär gerek diýip, işde saklap hem bilýärler” diýip, çeşmämiz nygtady.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat Saglyk müdirliginden we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne 2-nji ýanwarda bu edaralaryň resmi websaýtlarynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda saglyk işgärlerinden, şol sanda ýaş kadrlardan we pensiýa ýaşyna ýeten lukmanlardan, şeýle-de beýleki býujet işgärlerinden öz iş ýerlerinde galmak üçin para soralýandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozalky ýyllarda hem maglumat beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.