Marko Rubio ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine tassyklandy
Ses berişlik ikinji gün agşamynda geçirildi. Rubionyň kandidaturasyny onuň özi bilen birlikde 99 senator goldady. Ol bu wezipä prezident Donald Tramp tarapyndan hödürlenip, 47-nji prezidentiň kabinetiniň ilkinji tassyklanan agzasy boldy.
Kubaly immigrantlaryň maşgalasyndan bolan Rubio respublikanlaryň konserwatiw “Çaý içişlik” hereketiniň ýolbaşçylarynyň biri bolup durýar.
Ol Florida Wekiller palatasyna we senatyna saýlandy, 2016-njy ýylda respublikan partiýadan prezidentlige kandidaturasyny goýdy.