Aşgabadyň ençeme mekdebinde okuwçylar sapak okaman öýlerine gaýdýarlar
“Şu günler paýtagtyň ençeme mekdebinde birnäçe synpyň okuwçylary irden mekdebe barýarlar. Ýöne okuw okaman, ýene öýlerine gaýdýarlar. Sebäbi olaryň mugallymlary häzir sapak okatman, öz okadýan dersine görä gurnaljak bäsleşige taýýarlanýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi her ýyl ýurduň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda bäsleşik yglan edýärler.
Ençeme tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň döwlet tapgyry köplenç aprel-maý aýlarynda jemlenýär. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň altysy gatnaşýar we onda “Ýylyň mugallymy” saýlanýar.
“Her ýyl okuwçylar birnäçe aýlap, ençeme sapagy geçmeýärler ýa-da olar bir synpda 32 okuwçynyň deregine 64 okuwçy bolup okamaga mejbur bolýarlar. Her partada 2 okuwça derek üç-dört okuwçy bolup, gysylyp oturmaly bolýarlar. Sebäbi bu bäsleşige şu ýyl hem bolşy ýaly, her ýyl her mekdepden ençeme mugallym gatnaşdyrylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Ene-atalaryň we bilim işgärleriniň ençemesi bäsleşikleriň mugallymlaryň bilim derejesini artdyrmaga uly ýardam berýändigini, ýöne bularyň okuwçylara berilmeli sapaklaryň hasabyna geçirilmeli däldigini belleýär.
“Şäher we etrap bilim resmileri, şol sanda mekdepleriň müdirleri bu bäsleşigiň indi ençeme ýyl bäri her ýyl geçirilýändigini bilýärler. Olar bu mugallymlaryň deregine sapak geçjek goşmaça mugallymlary işe alsalar ýa-da şol ugurdan okadýan beýleki mugallymlara goşmaça hak töläp, olardan sapaklary geçmegi sorasalar, okuwçylar hem okuwdan yza galmazdylar” diýip, aşgabatly başga bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrliginden, Kärdeşler arkalaşyklaryndan we Aşgabadyň Bilim müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji ýanwarda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýylyň dowamynda köpçülikleýin çäreleriň we bäsleşikleriň onlarçasy geçirilýär. Bulara mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, bilim işgärleri, şol sanda mugallymlar gatnaşdyrylýar.
Bu döwürde okuwçylar degişli sapaklary okamakdan mahrum bolýarlar. Ene-atalar bu çäreleriň çagalaryň okuwyna uly zyýan ýetirýändigini, olaryň kadaly bilim alyp bilmeýändigini ýyllarboýy tekrarlap gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýar.
“Ýylyň mugallymy” bäsleşiginde mugallymlaryň ýerine ýetirýän hyzmatlaryna we gazanan üstünliklerine, tejribelerine, terbiýeçilik we halypaçylyk, mugallymçylyk we ylmy, umuman, hünär işlerine baha berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.