Tramp Kennedileriň, Martin Luther Kingiň öldürilmegine degişli ýazgylaryň çap edilmegini buýurdy
"Prezident Jon Kennedi, senator Robert Kennedi we ynançlary goran doktor Martin Luther King öldürileli bäri geçen 50 ýyldan gowark wagtda federal hökümet bu wakalar bilen baglanyşykly edilen hökümet ýazgylarynyň ählisini jemgyýetçilige aýan etmän, çap etmän saklady. Olaryň maşgalalary we amerikan halky aç-açanlyga, hakykaty bilmäge mynasyp. Bu kast etmeler bilen baglanyşykly ähli ýazgyny haýal etmän çap etmek milli bähbitleriň peýdasyna bolar” diýip, Trampyň kararynda aýdylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 35-nji prezidenti Jon Kennedi 1963-nji ýylda Dallas şäherine eden sapary wagtynda öldürildi. Onuň öldürilmegini derňän komissiýa prezidenti atan amerikaly Li Harwi Oswaldyň bir zaman Sowet Soýuzynda ýaşap, ýekelikde hereket edendigi baradaky netijä geldi. Ol tussag edilenden iki gün soň, Dallas polisiýasynyň tussaghanasynda öldürildi.
“Amerikanyň sesi” 2022-nji ýylyň dekabrynda Milli arhiwiň 13,000-den gowrak resminamany çap edendigini, ýöne ýene birnäçe müň resminamanyň gizlin saklanandygyny belleýär. Resminamalaryň käbiriniň çap edilmeginiň öňüni alan Jo Baýden şol wagt milli howpsuzlyk aladalaryna salgylandy.
Jon Kennedi öldürileninden bäş ýyl soň, 1968-nji ýylyň aprelinde raýat hukuklary hereketiniň lideri Martin Luther King öldürildi we, şondan iki aý soň Jon Kennediniň inisi, şol wagt Demokratik partiýadan prezident saýlawlarynda dalaşgärlik edýän Robert Kennedi öldürildi.