Daşkentde döwlet edaralarynyň işgärlerine milli eşik geýmek maslahat berilýär
Resminama laýyklykda, şäherde iş topary dörediler we “Milli Daşkent” taslamasy tassyklanar.
Iş topary milli eşikleriň meşhurlygyny artdyrmak, onuň statusyny berkitmek boýunça çäreleri guramak, milli eşik öndürýän telekeçileri goldamak, şeýle-de okuw seminarlaryny, ýaryşlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin materiallary taýýarlar.
Kararyň ýerine ýetirilişine gözegçilik yzygiderli görnüşde amala aşyrylar.
Dolandyryjy organlar, guramalar we etrap häkimleri milli eşikleri we medeniýeti wagyz etmäge gönükdirilen medeni, bilim, maglumat we mahabat çärelerini geçirerler.
Şeýle-de, hepdäniň her anna güni Daşkentiň döwlet edaralarynda “Milli eşikler güni” geçiriler.
Daşkent şäheriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň, şeýle hem olaryň bölümleriniň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärlerine iş günlerinde milli eşik geýmek hem maslahat berilýär (tassyklanan uniformalary geýýän işgärlerden başgalaryna). Munuň üçin ýörite şertler dörediler.