Lebabyň hassahanalarynda kislorod balonlary ýetmezçilik edýär
“Kislorod balonlarynyň ýetmezçiliginiň ýitileşmegi sebäpli, soňky alty aýyň dowamynda geçirilýän operasiýalarda näsaglara sarp edilýän kislorod balonlarynyň 40%-den gowragy olaryň hossarlary tarapyndan satyn alyndy” diýip, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar şäheriň ýokanç keseller hassahanasynda hem gaýtalanýar.
Kislorod köp ugurlar boýunça lukmançylyk ýagdaýyny dolandyrmak, umumy saglyk görkezijilerini gowulandyrmak we dem alyş kesellerini bejermek üçin zerur medisina serişdesi hasaplanylýar.
Agzalýan lukmançylyk edaralarynyň birnäçe saglyk işgäriniň tassyklamagyna görä, kislorod balonlarynyň ýetmezçiligine oňa mätäçligi bolan näsaglaryň göz-görtele köpelmegi, ýöne muňa garamazdan, hassahanalaryň goşmaça balonlary satyn almazlygy sebäp bolýar.
“Hassahanalar adamlardan doly. Operasiýa bolýanlaryň sany hem gün-günden köpelýär. Ýöne hassahanalaryň maddy üpjünçiligi bilen meşgullanýan bölümlerine bolsa, hiç zat täsir etmeýär. Olar saglyk işgärleriniň we näsaglaryň hossarlarynyň şikaýatlaryna garamazdan, goşmaça kislorod balonlaryny satyn almaýarlar” diýip, şäheriň ýokanç keseller hassahanasynyň bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk işgärleriniň tassyklamagyna görä, welaýatyň sarp edijileri üçin gerek bolan kislorod balonlary Türkmenabatda ýerleşýän S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda howany suwuklandyrmak usuly bilen öndürilýär.
Lebap welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda 16-njy ýanwarda çap edilen maglumata görä, kärhana 2024-nji ýylyň dowamynda kislorodyň 225 müň 840 kub metrini öndürip, sarp edijilere ugratdy.
Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar käbir saglyk işgärleriniň hassahanalarda kislorod balonlarynyň ýetmezçiliginden özlerine goşmaça gazanç edýändigini habar berýärler.
“Meni bir sagat operasiýa etdiler. Şondan öň anesteziolog menden bir ballon kislorod getirmegimi sorady. Ýöne men ony tapyp bilmejegimi aýdanymdan soň, ol özüniň tapyp biljekdigini we töleginiň 80 manat boljakdygyny aýtdy. Puly kassa töletmedi, maňa kwitansiýa hem bermedi” diýip, dekabr aýynda Lebabyň köpugurly hassahanasynda operasiýa bolan türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Şol bir wagtda, käbir saglyk işgärleri näsaglaryň arasynda näbelli ýerlerde öndürilen kislorod balonlaryny satyn alýanlaryň bardygyny we olaryň hili barada “dürli aladalaryň” bardygyny belleýärler.
“Olaryň hiliniň talaba laýykdygy barada takyk maglumat ýok. Ýöne lukmanlar bialaç näsaglaryň getiren şol kislorod balonlaryny ulanmaly bolýarlar” diýip, welaýatyň köpugurly hassahanasynyň bir lukmany anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň saglyk bölüminden we agzalan hassahanalardan teswir alyp bilmedi.
Türkmen hökümeti ýurduň “saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny" ýygy-ýygydan tekrarlaýar.
Şeýle-de, olar täze lukmançylyk edaralarynyň işe girizilendigine, raýatlaryň saglygyny halkara ölçeglere laýyklykda bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigine hem ünsi çekýärler.
Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurduň saglyk edaralarynyň zerur enjamlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigi, lukmançylyk serişdeleriniň we derman ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygy barada yzygiderli habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.