Salam, Dogan! 'Gizlin öýsüzligiň' jebrini çekýän 'köpelýär'
Emma bu kanundan ‘arka tapman’, soňky ýyllarda çuňlaşan ykdysady çökgünligiň arasynda çagalaryny ýeke terbiýeleýän eneleriň köpelendigi, olaryň arasynda ‘gizlin öýsüzlik’ zerarly, çagalaryny yzda goýup, daşary ýurtlara işlemäge gidýänleriň hem az däldigi habar berilýär. Ýöne, ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bizde jaýsyz we çagasyny ýeke terbiýeleýän eneleriň anyk sanyny bilmek mümkinçiligi ýok.
Azatlyk radiosy, sosial mediada öýsüz eneleriň düşen agyr ýagdaýy barada edilýän gürrüňleri nazara alyp, “Salam, Dogan!” gepleşiginiň iki sanyny kömege mätäç eneleriň jaý meselesine bagyşlady.
Gepleşikde Birleşen Ştatlarda ýaşaşýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa, Gazagystanda işleýän türkmen migranty Nasiba Esenowa bilen geçirilen söhbetdeşlikleri diňläp, öz pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.