Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Azatlygyň 'gülençileriň' ykbaly baradaky habaryndan soň MHM maglumatyň çeşmelerini gözleýär

0
Azatlyk Radiosy merhum türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklikde aýyplanyp, Türkmenistanda azatlykdan mahrum edilen dört sany türkmenistanlylaryň ykbaly barada 13-nji ýanwarda maglumat çap eden soň. Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebapdaky welaýat, şäher we etrap bölümleri degişli maglumaty ýurduň daşyna syzdyran şahslary gözlemek işini alyp barýar.


Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, MHM-niň “gülençileriň” ykbaly barada Azatlyga habar ýetirmekde güman edip, şübhe bildirýän şahslaryň arasynda tussaglaryň hossarlary we ozalky ýyllarda Türkmenistanda kanun esasynda iş alyp baran türkmen-türk bilim edaralary bilen öň gatnaşyk saklan ýurduň içindäki we daşary ýurtlardaky raýatlar we olaryň ýakynlary bar.




"Öň yslam dininiň ‘Nurjylar’ akymyny wagyz edip azatlykdan mahrum edilenleriň wagyzlaryna gatnaşmaklykda aýyplananlaryň ählisi Milli howpsuzlyk ministriniň syýasy işler boýunça bölüminiň göz astynda saklanýar we olaryň işi ministrligiň bu bölüminiň ýolbaşçysy tarapyndan kontrollykda saklanýar. Jenaýat jogapkärçiliginden para bermek bilen gutulan hem-de ömrüniň ahyryna çenli MHM-niň gözegçiliginde we basyşlary astynda ýaşaýan bu naçarlar, wagtal-wagtal soraglara çekilip, gynamalara sezewar edilýär" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.


Ýaňy ýakynda Azatlyk Radiosyna 8 ýyl mundan ozal tussag edilen we ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlen sud arkaly iş kesilen türkmenistanlylaryň birnäçesiniň ykbaly barada maglumatlar elýeterli bolupdy.


Arslan Meredowyň, Allanur Garaýewiň, Serdar Öwlýagulyýewiň we Kyýas Şanazarowyň ykbaly barada maglumat 13-nji ýanwarda çap edilipdi.


Azatlyk Radiosy bilen 29-njy ýanwarda anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan güýç edaralaryndaky çeşme 2018-nji ýylda 3 ýyl azatlykdan mahrum edilen lebaply Kyýas Şanazarowyň häzirki ykbalyna degişli täze maglumatlary paýlaşdy. Şanazarow yslam dininiň “Nurjylar” akymyny wagyz etmek bilen ilat arasynda milli, etniki we dini duşmançylygy döretmeklikde aýyplanyp azatlykdan mahrum edilipdi.


“Kyýas mugallym azatlyga çykypdyr. Bu maglumat takyk. Oňa garşy Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30-njy maddasynyň 1-nji bendiniň 10-njy bölümi esasynda ýurtdan çykmaklyk gadagançylygy girizilipdir” diýip, çeşme gürrüň berdi.


Azatlyk Radiosynyň Şanazarowyň azat edilmegini onuň ýakynlaryndan tassyklamak boýunça synanyşyklary başa barmady.


Türkmen hökümeti "gülençiler" bilen gatnaşykda bolmakda güman edilýän adamlary 2017-nji ýylyň başynda, Ankaranyň 2016-njy ýylda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda durmakda Fethullah Güleni aýyplanyndan soň yzarlap başlapdy. Şonda onlarça adam birden tussag edildi. Olaryň käbiriniň ykbaly belli boldy.


Çeşmeler tussag edilmedik, emma häkimiýetleriň üns merkezine düşen raýatlaryň ençemesiniň gözegçilik we gysyş astynda galýandygyny belleýärler. "Azatlykdan mahrum edilmedik, emma “gülençiler” diýlip, gara sanawynda saklanýanlar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy gatnaşyklarda 'gurjak' hökmünde ulanylýar" diýip, güýç edarasyndaky çeşme aýdýar.


“Gülençilikde aýyplap, adamlary azatlykdan mahrum etmek häkimiýetler üçin ýyllyk däbe öwrüldi. Bir tarapdan türkmen hökümeti bu naçarlary Türkiýeden öz syýasy bähbitlerini gazanmak üçin jezalandyrýar. Beýleki bir tarapdan howpsuzlyk gulluklary olara basyş edip, muny özleriniň gazanjynyň bir çeşmesine öwürdiler” diýip, çeşme aýdýar.




Türkmenistanda häkimiýetleriň "gülençiler" bilen ilteşikli bolmakda güman eden raýatlaryň yzarlanmagy dowam etdirilýär.


Azatlyga elýeterli bolan maglumata görä, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň iýul aýynda merhum Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikde aýyplanyp, ýene birnäçe türkmen raýaty azatlykdan mahrum edilipdir. Ýagdaýdan habarly çeşmeler olardan üçüsiniň adyny agzadylar. 1985-nji ýylda doglan Töre Ereşow, 1980-nji ýylda doglan Ýagşymyrat Işanow we üçünjisiniň ady Şatlyk, familiýasyny anyklap bolmady.


Türkmenistanda "gülençiler" bilen gatnaşykda aýyplanyp, tussag edilen adamlaryň ençemesiniň ykbaly näbelli galýar.


Geçen ýylyň maý aýynda 2017-nji ýylda tussag edilen Muhtar Seýidowyň ykbalyna aladalanma bildirildi we ondan ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili habar alyp bolmaýandygyny, onuň nähili ýagdaýdygy barada maglumatyň ýokdugyny belli boldy. Şeýle-de, türkmen türmesinde ýedi ýyldan gowrak wagt bäri nirede, nähili ýagdaýda saklanýandygy bilinmeýän tussag Şatlyk Ýagmyrowyň maşgalasyna howp abanýandygy anyklandy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Александр Бублик

Крик сына помешал Бублику. Казахский теннисист попросил семью покинуть трибуны






Мишустин заявил, что военные пенсии в России проиндексируют на 4,4%

Володин: около 670 тысяч нелегальных мигрантов живут в России

Автомобильный рынок России вырос на 9%

Нелегальная платная парковка ликвидирована в районе Перово