Suma urlan dron zarbasynda köp gatly bina zyýalandy, ölenler we ýaralananlar bar
Döwlet gyssagly kömek gullugy pilotsyz uçaryň on gatly bina gelip urandygyny aýtdy. Hüjüm netijesinde dokuz kwartira we 12 balkon ýumruldy.
Halas edijiler iki pidanyň, erkek we aýal adamlaryň jesetlerini harabalygyň aşagyndan çykardylar. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Ýerli dolandyryş biraz soň dört adamyň ölendigini habar berdi.
Halas edijiler azyndan dokuz adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. “Suspilne” neşiri olaryň arasynda ýedi ýaşly çaganyň we 18 ýaşly oglanyň hem bardygyny, ejir çekenleriň hemmesiniň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi.
Sebit dolandyryşynyň başlygy Wladimir Artýuhyň sözlerine görä, Sumy şäherindäki köp gatly bina edilen hüjüm sagat 00: 18-de bolup geçdi, ýaşaýyş jaýyndan 118 adam ewakuasiýa edildi.