Özbegistan Türkiýeden satyn alýan harby pilotsyz uçarlaryny köpeldýär - Media
Pilotsyz uçarlaryň iberilmeginiň ýakyn wagtda başlanmagyna garaşylýar diýip, goranyş we awiasiýa boýunça ýöriteleşen SawunmaSanayiST portaly habar berýär.
Şertnamanyň jikme-jiklikleri, satyn alynjak pilotsyz uçarlaryň sany we bahalary aýan edilmedi. ANKA pilotsyz uçarlarynyň türk ýaragly güýçlerinde, Alžiriň, Gazagystanyň, Tunisiň, Malaýziýanyň, Indoneziýanyň we Çadyň goşunlarynda işjeň ulanylýandygy aýdylýar.
Neşiriň habaryna görä, AKSUNGUR howada 50 sagatdan gowrak saklanyp bilýän, göterijilik ukyby 750 kilograma barabar bolan goşa dwigatelli pilotsyz uçardyr.
Bir motorly ANKA SIHA pilotsyz uçary howada 30 sagada çenli saklanyp bilýär we onuň ýük göterijiligi 350 kilograma ýetýär.
Prezident Şawkat Mirziýýow 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Surhandarýadaky harby bölüme baryp, türk BAYRAKTAR TB2 pilotsyz uçarynyň görkezilişine tomaşa etdi.
Döwlet baştutany 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ankara eden sapary wagtynda iň täze türk söweş uçaryny – “Kaan” istrbitelini synlady we soňra Daşkentde Türkiýäniň goranmak ministri Ýaşar Gülüň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.