Türkmenabadyň ýaşaýjylary üç gün bäri sowukda toksyz galýar
Türkmenabadyň "Ýüpek egirijiler" etraby üç gün bäri elektrik energiýasyz galýar. Ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň meseläni çözmegine garaşýarlar we bu barada anyk jogap almaga synanyşýarlar.
Azatlyk Radiosy bilen 30-njy ýanwarda irden gürrüňdeş bolan Türkmenabadyň birnäçe ýaşaýjysy jaýlarynyň sowukdygyny, elektrik enjamlarynyň işlemeýändigini gürrüň berdiler.
"Şäher elektrik üpjünçiligi kompaniýasy yzly-yzyna 3 gün bäri edilen jaňlara jogap bermedi. Iýmitlerimiz zaýalandy we gijelerine gaz pejini ýakyp öýlerimizi gyzdyrmaly bolýarys" diýip, türkmenabatlylaryň biri gürrüň berdi.
Bu etrapça şäheriň demirgazyk günbatar böleginde ýerleşýär. Köp ilatly bu etrapçada, şol sanda Saparmyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda edara-kärhanalaryň hem ençemesi ýerleşýär.
Ýüpek egiriji fabrigi, orta mekdepler, sport hem-de sungat mekdepleri, söwda merkezi, dermanhana, senagat zonasy we döwlet edaralary ýerleşýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Adalat ministrliginiň binasynyň hem elektrik energiýasyz galandygyny 30-njy ýanwarda habar berdi.
Türkmenabatda şu günler aýazly howa saklanýar. Howa maglumatlarynda sişenbe-penşenbe günlerinde -0 we -3 gradus aralygynda bolandygy görkezilýär, emma ýaşaýjylar 29-njy ýanwarda howanyň - 6 gradusa çenli sowandygyny habar berdiler.
Sowuk howada elektrik energiýasyz ýylynmak kyn bolýar. Ýaşaýjylar örän kösenýändigini gürrüň berýärler.
"Adamlaryň kimsi aýnalaryna polietilen örtüp öýüni sowukdan goramaga synanyşýar, kimsi gaz peçlerini ýakyp, ýylynjak bolýar. Adamlar içerde ýyly geýnip oturýar. Käbirler daşary çykyp, howlularda odun ýakyp ýylynýar. Olar eli ýuka maşgalalar" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy elektrik energiýasynyň kesilmeginiň sebäpleri we onuň haçan dikeldiljegi barada Türkmenabadyň häkimliginden maglumat alyp bilmedi.
Emma Azatlyk bilen anonimlik gürrüňdeş bolan çeşmeler elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde şäheriň beýleki ýerlerinde hem bökdençlikleriň dörändigini we şu sebäpden häkimligiň birnäçe işgäriniň säherde aýlanyp, elektrik gurallary we toguň güýjüni barlaýandygyny gürrüň berdiler.
"Käbir ýerlerde toguň güýji 220 wolta derek 145 wolt görkezýär" diýip, bu ýagdaýdan habarly türkmenabatly çeşme aýdýar.
Elektrik energiýasy boýunça ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, Türkmenabatdaky ýaşaýyş jaýlaryň köpüsiniň elektrik sistemasy köne bolup, wagtynda täzelenmeýär, şu sebäpden sandan çykýar. Üstesine bu köne infrastruktura hojalyklarda ulanylýan elektrik gurallaryň agramyna çydamaýar.
Türkmenabatda 300 müňe golaý ilat ýaşaýar. Bu säherde, ýurduň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly elektrik energiýasy yzly-yzyna kesilýär. Sowukda we yssydan elektrik üpjünçiligi sistemasynda näsazlykda has hem köp döreýär.
Şu aýda elektrik energiýasynyň kesilmegi zerarly Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary sowukda toksuz galdy.
Türkmenbaşyda ýaňy-ýakynda ýaşaýyş jaýlarynda birnäçe günlük agyz suwy kesildi. Şeýle-de şu aýyň başynda Balkan welaýatynyň birnäçe etrabynda gaz üpjünçiligi gowşady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.