Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Balkanda medeniýet işgärleriniň arasynda öz islegi bilen işden çekilýän köpeldi

0
Balkan welaýatynda medeniýet pudagynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda işinden çykmak boýunça arza ýazyp, gidýänleriň sany köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, munuň sebäbini anyklamaga synanyşdy.


Balkan welaýatyndaky ähli medeniýet öýlerinde öz islegi boýunça iş taşlaýan hünärmenler köpeldi. Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly býujetçiler özleriniň işden gitmegine iş şertleriniň ýaramazlaşmagynyň we aýlyklarynyň azalmagynyň sebäp bolandygyny gürrüň berdiler.


"Medeniýet pudagynda iş sagatlar kemeldilip, her medeniýet işgäri üçin stawkanyň ýarysy ýa-da dörtden bir bölegi ýazylyp, iş haky azaldyldy. Komandirowka üçin hem goşmaça hak we ýol kireý tölenmegi bes edildi" diýip, balkanly medeniýet işgäri aýdýar.




Bu ýagdaý Türkmenbaşy we Balkanabat säherlerine, we Bereket etrabyna degişli.


Habarçymyzyň sözlerine görä, welaýatyň baş sazly drama teatrynda hem aktýorlaryň, dramaturg, senarist we beýleki işgärleriniň iş haky ýarym stawka möçberinde tölenýär.


Bu ýagdaý medeniýet hünärmenleriniň işden elini sowadyp, käbirleriň işlerini taşlap daşary ýurtlara çykmaga synanymagyna sebäp bolýar diýip, habarçymyz belleýär.


Balkan welaýatynyň medeniýet öýlerindäki ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şertinde eden gürrüňdeşlikde, aýlyklaryň azaldylmagynyň ýokardan berlen görkezmä baglydygyny öňe sürdi.


"Ýokardan dilden berilen tabşyryk esasynda medeniýet pudagynda işgärleriň sanyny 30% azaltmak göz öňünde tutulýar. Hünärmenleriň işinden kemçilik tapyp öz arzalary bilen işden boşar ýaly etmek ýerli pudak ýolbaşçylaryna tabşyrylýar" diýip, çeşme aýdýar.


Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Balkan welaýatynyň medeniýet öýleriniň ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.


Şäherlerde işgärler arzasyny ýazyp, işinden gitmäge mejbur bolýan wagtynda oba ýerlerinde medeniýet edaralarynda işgärleri işden boşadýarlar.


"Bereket etrap medeniýet öýünde we obalardaky medeniýet ojaklarynda ýyl başyndan 20 göterim işgär işinden boşadyldy. Obalaryň birnäçesinde, şol sanda S. Nyýazow adyndaky geňeşlikde oba medeniýet öýlerinde tans, dünýä saz gurallary we estrada çeper höwesjeňlik sapaklary ýapylyp, işgärleriniň we mugallymlaryň ençemesi işsiz galdy. Diňe dutar sazanda-bagşy bölümi galdy başga tas hiç bir bölüm galmady. Folklor bölümler hem ýapyldy" diýip, balkanly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.


Onuň sözlerine görä, folklor toparlary diňe etrap merkezilerindäki käbir medeniýet öýlerinde galypdyr. Milli hünärler we dutar hem-de beýleki saz gurallaryny ýasamak ýaly bölümler hem ýapylypdyr.


Balkanly döredijilik toparlaryň işinde hem üýtgeşiklikler emele gelipdir.


"Ozalky ýyllarda bolşy ýaly höweslendirmek we gastrol saparlary üçin döwlet tarapyndan goşmaça hak tölenmän, gaýtam ýol uçar biletleri üçin tans toparynyň agzalaryndan pul alynyp başlandygy. Bu işe bolan höwesiň ýitmegine getirdi" diýip, döredijilik işgäri aýdýar.




Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde diňe garawul we köşgüň direktoryndan başga adam galmady diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, binanyň ýerzemini hususy telekeçilere kärendä berilipdir, binanyň ýokarky gatlarynda güýç edaralarynyň etrap bölüminiň işgärleri ýerleşýär.


Türkmenistanda býujet edaralarynda işgärleriň öz islegi boýunça işinden gitmegine degişli ýagdaýlar soňky ýyllarda köpeldi. Azatlygyň habarçylary mugallymlaryň, lukmanlaryň, harbylaryň we polisiýa işgärleriniň işini taşlaýandygyny geçen ýylyň dowamyndan ençeme gezek habar beripdi.


Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan býujetçiler aýlyklarynyň pesligi, zähmet haklaryndan dürli maksatlar üçin alynýan tutumlaryň köpelmegi we özlerine ýolbaşçylar tarapyndan talaplaryň artmagy ýaly sebäpleri görkezipdi we gazanç üçin daşary ýurtlara gitmek niýetini milim edildi.


Ozalky ýyllarda Türkmenistanda döwlet edaralarynda we kärhanalarynda yzly-yzyna iş orunlarynyň azaldylmagy, käbir edaralaryň düýpden ýapylmagy ýa-da işgärleriň wagtlaýyn dynç alyşa tölegsiz ugradylmagy ýaly ýagdaýlar yzygiderli häsiýetde ýüze çykypdy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

«Как Джокович держит себя в форме — из действующих так не может никто. Знаю только Роналду» — Веснина






«Фонбет» подал иск на Анохина из-за дискредитации репутации на 100 миллионов

Стала известна программа зимнего фестиваля Башмета в Сочи

Ольга Любимова рассказала о будущей работе с Саудовской Аравией

Гендиректора «Фонбета» Анохина арестовали по делу о взятках