Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
Hudaýberdi 2016-njy ýylda Azatlyk Radiosy bilen üç aýlyk hyzmatdaşlygynyň dowamynda öz dogduk mekany Daşoguzdaky adaty türkmen raýatlarynyň meseleleri barada habar berdi. Onuň Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmet baradaky maglumatlary aýratyn ýaň saldy.
Düýbi Parižde ýerleşýän “Forbidden Stories”, ýagny “Gadagan edilen hekaýalar” guramasy Azatlyk Radiosy bilen bilelikde we Hudaýberdiniň hatyrasyna, ýüzlerçe müň türkmen işçisiniň mejbury zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilýän türkmen pagtasynyň henizem Ýewropa bazarlaryna çykýandygy barada žurnalistik derňew geçirdi.
“Gadagan edilen hekaýalaryň” žurnalisti Sesil Andžeýewski (Cécile Andrzejewski) Ýewropanyň dokma senagatynda ulanylmagy gadagan edilen türkmen pagtasynyň Ýewropa dükanlarynyň tekjelerini doldurmagy dowam etdirmegi bilen bagly köp usullardan birini yzarlaýar.
Žurnalist Hudaýberdi Allaşow, türkmen häkimiýetleri tarapyndan on ýyllap yzarlanandan soň, geçen ýylyň awgust aýynda aradan çykdy. Olar ony ýurduň pagta meýdanlaryndaky yzygiderli dowam edýän mejbury zähmet hakda ýazmaga het etmekde aýypladylar. Ýöne Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky açyk syr - Ýewropanyň dokma markalarynyň käbirini Türkmenistandan çig mal satyn almakdan saklamaýar.
Hudaýberdi Allaşow Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmeti paş edenden soň aradan çykdy. Türkmen pagtasyny häzirki wagtda dünýädäki dokma önümlerinde heniz-de tapyp bolýar.
Esasy netijeler :
● Žurnalist Hudaýberdi Allaşow tarapyndan ýazgarylan Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmet şu güne çenli dowam edýär. Goragly diýilýän çagalar henizem pagta hasylyny ýygnamaga gatnaşýarlar.
● Kontrabanda ýollar bilen alnan pagta Türkiýe we Pakistan ýaly dokma önümlerini öndürýän ýurtlara eksport edilýär, soňra-da ÝB-de we başga ýurtlarda taýýar önüm hökmünde satylýar.
● Biz bu zynjyr arkaly türkmen pagtasy bilen üpjün edilen azyndan iki markany kesgitledik: Essenza Home we Benetton.
Sekiz ýyllap yzarlama. Şeýle synagy, ýurduň howpsuzlyk güýçlerinden azar berijileriň eden sütemleri zerarly geçen ýylyň 13-nji awgustynda 35 ýaşynda aradan çykan türkmen žurnalisti Hudaýberdi Allaşow başdan geçirdi.
Ol näme jenaýat etdi? Mundan tas 10 ýyl öň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynda üç aýa golaý wagt lakam bilen işlemek.
"Ol diňe biziň bilen işleşendigi üçin yzarlandy" diýip, Allaşowyň Azatlyk Radiosyndaky redaktory Farruh Ýusupow aýtdy. Şol wagt Allaşow öz ýurdy Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmet hakda ýazýardy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň demir ýumrugy bilen dolandyrylýan Merkezi Aziýadaky öňki sowet respublikasynda pagta döwlet meselesi hasaplanýar. Energetika we uglewodorodlardan soň, ony ösdürip ýetişdirmek, ýurduň iň uly ikinji pul-girdeji çeşmesi hasaplanýar - jogapkärçiligiň ýok ulgamyna bil baglaýan ýokary girdejili baýlyk.
"Hökümet her ýyl pagta hasylynda döwlet tarapyndan amal edilýän mejbury zähmeti giň gerimli we yzygiderli häsiýetde ulanýar" diýlip, jemgyýetçilik guramalarynyň koalisiýasy bolan Pagta kampaniýasynyň, «Turkmen.news» neşiri we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň maý aýynda çykaran hasabynda bellenilýär. Bu hasabat 2023-nji ýyldaky pagta hasylyna degişli ýagdaýlary öz içine alýar.
Pagta kampaniýasynyň utgaşdyryjysy Raluka Dumitreskunyň (Raluca Dumitrescu) pikiriçe, bu tejribe pagtanyň "üpjünçilik zynjyrynyň böleklere bölünmeginden" peýdalanýar.
“Bahalary arzanladýan kompaniýalar bilen bir wagtda, aşakda ýaryş bar. [Bu], domino täsirine sebäp bolýar. Mejbury zähmet bolmasa, bu önümleriň hökmany suratda başgaça bahasy bolardy” diýip, ol belledi.
Allaşow pagta meýdanlaryna zor bilen iberilen türkmenleriň sözlerini ýazga almak bilen hasylyň adamkärçiliksiz şertlerini paş edip başlady.
"Gadagan edilen hekaýalar" we Azatlyk Radiosy Türkmenistanda tabu hasaplanýan bu tema boýunça Allaşowyň işini dowam etdirmek kararyna geldi. Howpsuzlyk sebäpli Allaşowyň maşgalasy bilen habarlaşyp bolmady. Türkmen hökümeti teswir almak boýunça eden synanyşyklarymyza jogap bermedi.
“Ýa pagta ýygarsyň, ýa-da işiňi ýitirersiň”
Allaşow bagyr problemasyndan öldi, häkimiýetler muňa onuň, aýdylmagyna görä, arakhorlugynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.
Käbir çeşmelere görä, onuň ölümine hakykatda köp sanly gynamalar wagtynda alnan zarbalar we bejerginiň mümkin däldigi sebäp bolupdyr.
Allaşow ilkinji gezek 2016-njy ýylyň ahyrynda tussag edildi. Ol şol ýylyň noýabr aýynda Daşoguz welaýatynyň demirgazygyndaky pagta hasyly barada ilkinji gezek habar beripdi.
Allaşow pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur bolan mugallymyň sözlerine salgylandy.
“Nirede ýygyp bolaýjak pagta galan bolsa, bizi şol ýere alyp gidýärler. Başga çykalga ýok. Ýa pagta ýygmaly, ýa-da işiňi ýitirmeli…” diýip, mugallym aýtdy.
Makala häkimiýetleriň gaharyny getirdi. Az salymdan Allaşow we ejesi tussag edildi. Polisiýa onuň kompýuterini we Azatlyk Radiosy bilen aragatnaşygyny tapmaga synanyşdy, ýöne netije bermedi. Allaşow iki ýarym aý türmede saklandy, elektrik togy bilen gynaldy we yzygiderli urlup-ýenjildi.
Allaşow boşadylandan soň, hiç bir hassahana oňa bejergi bermäge razy bolmady. Ol işlemegi bes edenem bolsa, onuň synagy ölýänçä dowam etdi. Ol 2019, 2020, 2022 we 2023-nji ýyllarda Köneürgenç etrabyndaky şol bir bölümiň polisiýa işgärleri tarapyndan gaýta-gaýta tussag edildi we sorag edilende ýene gynaldy.
“Biz her gezek onuň ýaşaýan sebitinden, Daşoguzdan bir zatlary habar berenimizde, olar gelip, ony alyp gidýärdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Farruh Ýusupow aýtdy.
“Elbetde, biz [Allaşow] hakda pikir edip, sebitden gelen habarlaryň sanyny azaltdyk. Emma gorkuzma sebäpli bir sebiti ýatdan çykaryp bilmeris. Biz gizlin işleýän beýleki habarçylar arkaly, ol ýerden habar bermegi dowam etdirdik. Ýöne, muňa garamazdan, olar bu habarlary berýäniň onuň özi bolandygyna güman edýärdiler ýa-da çeşmäniň kimdigini öwrenmek üçin oňa basyş edýärdiler. Emma biz ol tussaglykdan boşadylandan soň, ony hiç haçan maglumat çeşmesi hökmünde ulanmadyk” diýip, Ýusupow sözüne goşdy.
Ýol hadysalary, suw joşmalary ýa-da prezidentiň saparyndan öňki şäher arassalamak işleri baradaky makalalar, Merkezi Aziýa we Russiýa boýunça ýöriteleşen derňewçi Mişel Lewistonyň (Michaël Levystone) aýdyşy ýaly, “türkmen diktaturasynyň aşa howpy” bolmadyk bolsa, howpsuz bolup biler.
“Hatda kanagatlanarly däl ýagdaýyň hakyky ýazgysyna-da prezidente garşy şahsy jenaýat hökmünde garalýar. Öňki sowet giňişliginde [bu ýurtdan] has erbet ýurt ýok” diýip, “Oýanyş” kitabynyň awtory Lewiston belledi.
Pagta: Aşgabat režimi üçin strategiki çeşme
Türkmenistan, 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan gysga wagt soň, “iň totalitar diktatorlyga girdi diýip, Lewiston aýdýar. Onuň sözlerine görä, Allaşow öz makalalary bilen “eşek arynyň öýjügini gozgady”.
2019-njy ýylda Azatlyk Radiosy Daşoguzda pagta täsir edýän kesel barada makala we ony goldaýan suratlary çap edende, polisiýa işgärleri Allaşowa “gabyrda ölýänçä ony ýeke goýmazlygy” wada berdiler.
Pagta, dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistan üçin örän möhümdir. 2022-nji ýylda Türkmenistan tas 300 million dollarlyk pagta eksport etdi.
“Takyk sanlary almak kyn bolsa-da, bu ýurt üçin ep-esli mukdardyr” diýip, Lewiston belledi.
Pagtanyň Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň (JIÖ) 2% -ini emele getirýändigi aýdylýar. Režim pudagy ünsli gözegçilikde saklaýar we hasyl ýygnamak usullary baradaky islendik tankyda ýol bermeýär.
Halkara zähmet guramasy Türkmenistanyň pagta meýdanlaryna baryp görmegi başardy. 2023-nji ýylda garaşsyz synçy missiýasy “döwlet işgärleriniň pagta ýygnamak üçin giňden mobilizlenmeginiň göni ýa-da gytaklaýyn subutnamalaryny” ýygnady.
Maglumatlarymyza görä, Aşgabat hasabatyň köpçülige ýetirilmegine rugsat bermedi. Şondan bäri beýleki missiýalar amala aşyryldy. Synçylar öz terjimeçileri bilen öz islegi boýunça syýahat edip bildiler.
“2023-nji ýylda Halkara zähmet guramasynyň gözegçiligi Türkmenistanda geçirilen şuňa meňzeş ilkinji tejribe boldy we netijeler häzirki wagtda durmuşa geçirilýän HZG-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kömek etdi” diýip, guramanyň zähmet hukuklary boýunça hünärmeni Miranda Fajerman aýtdy.
Muňa garamazdan, derňewlerimiziň dowamynda käbir mejbury işçileriň synçylar bilen duşuşmagynyň öňüni almak maksady bilen izolirlenendigini öwrendik.
“Gözegçilik wagtynda ýüze çykan ähli aladalar hökümet bilen göni ara alnyp maslahatlaşylýar” diýip, Fajermen belledi.
Allaşowyň makalalaryndan bäri hiç zat üýtgemedik ýaly görünýär.
Awgust aýyndan dekabr aýyna çenli türkmen döwleti öz raýatlaryny - esgerleri, döwlet işgärlerini ýa-da mugallymlary - polisiýa işgärleriniň gözegçiligi astynda pagta ýygmaga mejbur etdi. Olar hiç bir enjam bilen üpjün edilmediler.
“Ýük maşyny bilen alnyp gidiljek [ýygymçylar] irden köçede ýygnanýarlar. Olar ir sagat 8:00-da ekin meýdanlaryna gidýärler we pagta ýygmaga başlaýarlar. Günortan bir sagat arakesmä çykýarlar. Arakesmeden soň, olar pagtanyň agramyny ölçemezden öň, sagat 6:00-a çenli pagtany guradýarlar. Mekdepden soň okuwçylar hem pagta çekilýärler” diýip, işçileriň biri anonimlik şertinde partnýorymyz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Resmi taýdan, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2024-nji ýylyň iýul aýynda çykaran buýrugy esasynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ekin meýdanlaryna çykmagyna rugsat berilmeýär. Muňa garamazdan, çaga zähmeti henizem Türkmenistanyň pagta senagatynyň bir bölegi ýaly bolup görünýär.
Bize 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gelip gowşan şaýatlaryň çykyşy we wideo ýazgy ýurduň pagta meýdanlarynda “12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň”, “günortan mekdepden soň pagta ýygmaga mejbur bolan mekdep okuwçylaryň” we “ejelerine kömek etmäge gidýän we ýygnan pagtalaryny eltip berýän alty ýaşdan sekiz ýaşa çenli çagalaryň” bardygyny tassyklaýar.
Bu iş şertleri jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Pagta kampaniýasy tarapyndan yzygiderli ýazgarylýar. 2018-nji ýyldan bäri diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen pagtasyndan doly ýa-da bölekleýin öndürilen önümleriň ählisini import etmegi gadagan etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi ýaňy-ýakynda 2024-nji ýylyň noýabr aýynda “önümleri öndürmegiň, taýýarlamagyň, ýygnamagyň ýa-da çykarmagyň islendik döwründe” mejbury zähmetden peýdalanylýan önümleri Ýewropanyň ýeke-täk bazarynda gadagan etmegi maksat edinýän karar kabul etdi. Agza döwletleriň indi bu kanunçylygy durmuşa geçirmek üçin üç ýyl möhleti bar.
Türkiýe: Türkmen pagtasy üçin Ýewropa derwezesi
Bu aralykda, dokma kompaniýalary tarapyndan kabul edilen ähli sosial we daşky gurşaw borçnamalara garamazdan, Türkmenistanda ýygnanan pagta henizem Ýewropa dükanlaryna girip bilýän ýaly bolup görünýär. Munuň sebäbi gaty ýönekeý: türkmen pagtasynyň aglaba bölegi Türkiýede gaýtadan işlenýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä söwda maglumat platformasyndaky maglumatlara görä, 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda türkmen pagta importynyň 78,5% -i türk kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.
Pagta Kampaniýasynyň belleýşi ýaly, Türkiýe “ÝB-däki tekstil kompaniýalaryny dokma önümleri bilen üpjün etmekde üçünji orunda durýar, şonuň üçin ÝB-de söwda edýän markalaryň önümlerinde türkmen pagtasynyň ulanylmagy barada aýratyn töwekgelçilik bar”. Bu ýagdaý, derňew wagtynda ýüze çykan iki kompaniýanyň tejribesinde gaýtalanýar.
Olardan birinjisi, Niderlandlaryň “Essenza Home” kompaniýasy. Bu kompaniýa bahasy 100 ýewro töweregi bahalanýan öý ýorgan-düşek daşlaryny, örtgüleri we pijamalary satýar.
Kompaniýa öz web sahypasynda: “Adamlary we daşky gurşawy göz öňünde tutup, durnukly önüm öndürsek rahat dynç almak mümkin” diýip, öz borçnamalaryna salgylanýar.
Hatda kompaniýa 2016-njy ýylda çaga zähmetine we pes aýlyk haklaryna garşy göreşýän Durnukly eşikler we dokma önümleri boýunça Gollandiýa şertnamasyna hem gol çekdi.
Muňa garamazdan, “Essenza Home” kompaniýasynyň web sahypasynda elýeterli bolan maglumatlara görä, üpjün edijileriň sanawynda Allaşowyň ýaşan sebiti bolan Daşoguzda ýerleşýän “Dasoguz Textile” kompaniýasy agzalýar. “Dasoguz Tekstile” biziň soraglarymyza jogap bermedi.
“Bu azyndan dört ýyl öň döredilen köne sanaw. Bu gönüden-göni üpjün ediji däl-de, gytaklaýyn üpjün edijidi” diýip, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen “Heimtextil” söwda sergisinde “Essenza Home” marka menejeri Floor Smits aýtdy.
Emma “Open Supply Hub” (Açyk üpjünçilik merkezi) - egin-eşik pudagy üçin üpjünçilik zynjyry baradaky maglumatlary merkezleşdirýän, pudakdaky aktýorlar tarapyndan ulanylýan we täzelenen maglumatlar bazasy başga bir wakany aýdýar.
“Dasoguz Tekstile” kompaniýasynyň ady, “Essenza Home-iň” egin-eşik önümleri bilen üpjün edijiler sanawynda - 2021-nji ýylyň iýun aýyndan 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli – heniz-de görünýär.
“Içerki derňewden soň, Essenza Home-iň 2021-nji ýyldan bäri Dasoguz Tekstile-den önüm almandygyny tassyklap bileris” diýip, Smits belledi. “2022-nji ýyldan başlap önümçilik ýerlerimiziň sanawynda Dasoguz Tekstile indi görünmeýär” diýip, ol sözüne goşdy.
“Biz Türkmenistandaky aşa aladaly iş şertlerinden, şeýle hem Hudaýberdi Allaşowyň pajygaly wakasyndan habarly. Biz üpjünçilik zynjyrynyň ähli derejelerinde mejbury zähmetiň ulanylmagyna düýbünden garşy” diýip, Smits markanyň "üznüksiz ösüşe doly ygrarlydygyny" we "daşarky auditleriň barlaglary arkaly bu ülňüleri berjaý etmegi gözegçilikde saklaýandyklaryny” aýtdy.
Smitsiň sözlerine görä, “Dasoguz Tekstile” golland kompaniýasynyň üpjün edijisi “Evliyaoglu Textile Industry&Trade Inc.” firmasynyň kömekçi potratçysydy. Ýöne bu türk kompaniýasy 2021-nji ýyldan bäri “Dasoguz Tekstile” bilen bilelikde işlemeýändiklerini tassyklady.
Germaniýada geçirilen şol bir dokma söwda sergisinde üpjün edijii “Evliyaoglu Textile Industry&Trade Inc.” firmasynyň wekili özüniň çig pagtasyny Türkmenistandan alýandygyny tassyklady, ýöne firmanyň hasyl ýygnamak bilen baglanyşykly mejbury zähmetden “habarly däldigini” aýtdy. Soňra bu barada e-mail arkaly sorag iberilende, firma jogap bermedi.
Benetton Türkmenistandan getirilýän önümleri ulanmak bilen kynçylyklara tarap ugraýar
Ikinji Ýewropa kompaniýasy has meşhur: Benetton. 2021-nji ýyldan iň bolmanda 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli italýan kompaniýasy Türkiýäniň “Akkus Tekstile” kompaniýasy arkaly Türkmenistandan, esasanam Türkmenbaşynyň Jeans toplumyndan (Turkmenbashi Jeans Complex) üpjün edilen çig maldan peýdalandy. “Akkus Tekstile” we Türkmenbaşynyň Jeans toplumy biziň soraglarymyza jogap bermedi.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda “Akkus Textile” Benettonyň üpjün edijiler sanawynda henizem peýda bolýar, ýöne çig malynyň, materialynyň nireden gelendigini görkezmeýär. Kompaniýa indi diňe Türkiýedäki salgylaryny salgylanma hökmünde görkezýär: soraglary döredýän duýdansyz üýtgeşiklik.
"Gadagan edilen hekaýalar" habarlaşanda, söwda markasy diňe “Benetton 2023-nji ýylda Türkmenistandan pagta ulanmagy resmi taýdan gadagan etdi. Şondan bäri ähli üpjün edijilerimizden bu talaby ýerine ýetirmegini isledik” diýip jogap berdi.
Şol bir wagtda, kompaniýa, “bu gadagançylygyň berjaý edilmeginiň global pagta üpjünçilik zynjyrynyň çylşyrymlylygy sebäpli möhüm kynçylyklary döredýändigini ykrar edýär” hem diýdi.
Markalar üçin Türkiýe türkmen pagtasyny almagyň ýeke-täk usuly däl. Söwda maglumatlaryna görä, pakistanly üpjün edijiler hem Türkmenistandan çig mal alýarlar. Olaryň arasynda “Liberty Mills” bar.
Resminamalarymyza görä, Karaçi şäherinde ýerleşýän bu kompaniýa 2021-nji ýylyň maýyndan 2024-nji ýylyň awgust aýyna çenli flanel, mata we ýüp görnüşinde azyndan 14 million dollarlyk türkmen pagta önümlerini import edipdir. Kompaniýa biziň soraglarymyza jogap bermedi.
Frankfurt söwda sergisinde “Liberty Mills” kompaniýasynyň wekilleri bize H&M bilen işleşýändiklerini aýtdylar we hatda bizi bu söwda markasy bilen gatnaşyklara jogapkär Şumaila Ikbal bilen hem tanyşdyrdylar.
“Biz Türkmenistanyň pagtasyny ulanmaýarys. Türkmenistanda mejbury zähmet sebäpli gadaganlyk bar. Müşderilerimiz bize 10 ýyldan gowrak wagt bäri bu ýurtdan pagta satyn almazlygy maslahat berýärler” diýip, ol aýtdy.
Biz oňa import edilen harytlaryň sanawyny görkezenimizde, ol birden dymdy we soňra inkär etmezden “men bilmedim” diýip jogap berdi. “Bu, biziň üçin hakykatdanam geň galdyryjy” diýip, ol belledi.
Öz gezeginde H&M özüniň gönüden-göni üpjün edijileriniň ählisiniň “ulgamlaýyn mejbury zähmet töwekgelçiligi ýokary bolan Türkmenistandan H&M önümleri üçin pagta almazlyk baradaky borçnamasyna gol çekmelidigini” aýtdy.
“Liberty Mills Limited bu wada 2021-nji ýylda gol çekdi. Bu üpjün ediji biziň önümçiligimiz üçin gaýtadan işlenýän we Better Cotton-certified kepillendirýän pagtany üpjün edýär” diýip, H&M söwda markasy belleýär.
Maglumatlarymyza jogap hökmünde olar: “Bizde bar bolan maglumatlara görä, önümlerimiz üçin Türkmenistandan adaty pagta satyn almazlyk baradaky borçnamamyzyň bozulandygyna şübhelenmäge esas ýok... Dürli geleşik şahadatnamalary we salgylanmalar arkaly diňe organiki, gaýtadan işlenip bilinýän ýa-da başga bir durnukly pagta bolup bilýän haýsy pagtanyň öndürilendigini bilýäris ... Bilşimize görä, [üpjün edijilerimiz] önümlerimiz üçin diňe Pakistandan, ABŞ-dan, Argentinadan we Awstraliýadan alnan material ulanýarlar” diýdi.
Resmi salgysy Birleşen Arap Emirliklerinde bolan pagta ýüplükleri we matalar bilen üpjün ediji “Purecot Linen Textile-iň” stendi “Türkmenistanda öndürildi” önümlerini buýsanç bilen görkezdi. Onuň tekjesindäki ekranda kiçi türkmen baýdagy we prezident Berdimuhamedowyň portreti hem görkezildi. Şonda gap-gaçlaryň, matalaryň we eşikleriň öňünde gürleýän türkmenleriň biri “diňe tebigy suw içýän, himiki maddalar ýok” pagta bilen öwünýärdi.
Pagta hasylynyň şertleri we mejbury zähmetiň, şol sanda pagta ýygymynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ulanylyşy barada soralanda, ol “saňa ynanamok” diýip, sözümizi kesdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda mejbury zähmet aýyplamalary “muňa töleýän saýtlar, bizi halamaýan saýtlar” tarapyndan ýaýradylýan “nädogry maglumat”.
Gepleşigi tamamlamazdan ozal, ol türkmen kärdeşlerine ýüzlenip, biz hakda bir topar seksist sözler aýtmazdan ozal, bize “kynçylyk döredýänler” diýip ýüzlendi.
Allaşowyň ilkinji paş etmelerinden on ýyl töweregi wagt geçensoň we dokma senagatynyň üpjünçilik zynjyryny ahlakly söwda gatnaşyklaryna çagyrýan bildirişlere garamazdan, mejbury zähmetden alnan türkmen pagtasy Ýewropadaky dükan tekjelerini doldurmagy dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.