«Çagany ejesinde galdyrmak – biziň däbimize ýat». D.Kawkazda ärinden aýrylyşan aýallar çagalaryna hossarlyk hukugyny ýitirýärler
Sannet (aýalyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi) ikinji gezek durmuşa çykanda, 12 ýaşa ýetmedik iki çagasyna hossarlyk hukugyny ýitirdi.
Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Inguşystanyň kazyýeti geçen ýyl ol aýalyň birinji adamsynyň bähbidine karar çykardy hem onuň çagalarynyň öweý kakasy tarapyndan terbiýelenmeginiň islenmeýändigini mälim etdi.
Berk düzgünli, esasan musulmanlaryň köplükde ýaşaýan sebitinde, Sannetiň başdan geçiren ýagdaýy görülmedik zat däl. Ol ýerde çagalar diňe kakasyna we kakasynyň maşgalasyna degişli hasaplanylýar.
Ýazylmadyk ýerli düzgünler Russiýanyň kanunyna garşy gelýär. Üstesine-de, bu meseläniň çözgüdine köplenç kazyýetiň karary täsir edip, aýal aýrylyşsa, ýa-da dul galsa, eneleriň köpüsini çagalaryna hossar bolmak hukugyndan mahrum edýärler.
Sannetiň sözüne görä, hossarlyk meselesi boýunça kazyýetdäki diňlenişigiň dowamynda, kazy we öňki ýanýoldaşynyň aklawçysy ikinji gezek durmuşa çykýandygy üçin, oňa çagalaryny öz ýanyna alyp gitmäge hakynyň ýokdugyny açyk aýdypdyrlar.
«Ol çagalaryň kakasy-da ikinji maşgalany edindi, onuň başga aýaly bar, çagalar näme üçin öweý ejesi bilen ýaşamaly? – diýip, 31 ýaşly Sannet soraýar. – Ýok, beýle bolmaz. “Erkek adamyň ikinji nikasy gaýgy ederlik zat däl, goý, ol çagalaryny terbiýelesin" diýip, maňa düşündirdiler.»
Kazyýetiň karary Sannete gyzyny her hepdede bir gezek, ogluny aýda bir gezek görmäge hukuk beripdir. Ýöne onuň öňki ýanýoldaşy köplenç çagalaryny görmäge rugsat bermeýär diýip, ol aýdýar.
Onuň öňki äri kazyýete şikaýat edip, Sannetden aýda 26 müň rubl (260 dollar) möçberinde aliment tölemegini talap edýär. Orsýetiň Federal döwlet statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, Inguşystanda ortaça aýlyk haky 39 müň rubl (380 dollar) hasaplanýar.
KAZYLARYŇ ESASSYZ ÇÖZGÜDI
Demirgazyk Kawkazda çagalaryna hossarlyk etmek hukugyny öňki ärlerine bermeli bolan aýallaryň anyk sany belli däl. Ýöne şeýle ýagdaý giňden ýaýran diýlip hasaplanylýar.
2021-nji ýylda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti (ECHR) rus häkimiýetlerine çeçen zenany Luiza Tapaýewanyň kämillik ýaşyna ýetmedik dört sany çagasynyň gaýtarylyp berilmegini borçly etdi. Onuň çagalary adamsy aradan çykandan soň, gaýyn atasy tarapyndan alnypdyr.
Tapaýewanyň gaýyn atasy çagalaryň atasynyň maşgalasyna "degişlidigini" aýtdy. Çagalara hossarlyk etmek hukugyny dikeldip bilmänsoň, Tapaýewa Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine ýüz tutupdyr.
Ýewropa kazyýeti öz kararynda, Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionlaryndan – Çeçenistada we Inguşystanda şuňa meňzeş işlere öň hem seredilendigini belläp geçdi.
Ar alynmagyndan gorkup, anonim şertde gürleşen Demirgazyk Kawkazyň maşgala aklawçysy Çeçenistanyň we Inguşystanyň kazylarynyň işi diňlemek we çözmek tejribesinde, köpüsiniň ýerli däp-dessurlara "ýan basýandygyny" hem-de Russiýanyň kanunyna garşy karar kabul etmek usulyny ulanýandyklaryny aýtdy.
Hossarlyk-howandarlyk kazyýetlerinde atalaryň wekili bolýan aklawçylar köplenç enäniň täzeden durmuş gurmak kararyny bu işde öz peýdalaryna ýeňiş gazanmak üçin ulanýarlar diýip, aklawçy aýdýar.
Musulman alymlarynyň köpüsiniň düşündirmegine görä, eneler ärinden aýrylyşsalar-da, täzeden durmuşa çykmasalar, çagalaryna hossarlyk etmek hukugyny saklap galýarlar. Teologlaryň aýtmagyna görä, çaganyň atasy durmuş şertlerine garamazdan, çagalaryna maliýe kömegini bermelidir.
«Men kazyýetde enäniň ikinji nikasy baradaky delilleri eşidenimde, taraplary togtadýaryn. Biz näme hakda gürrüň edýäris? Bu dünýewi kazyýet işi! Eger siz dini esasda meseläni çözjek bolsaňyz, onda baryň, şerigat kazyýetine ýüz tutuň» diýip, aklawçy gürrüň berýär.
«Kazylar maňa çagany ejesinde galdyrmak – biziň däbimize ýat diýip, bir çet ýerde aýdýarlar. Onda men şeýle sorag berýärin: biziň edişimiz boýunça, eneden aliment talap etmek dogrumy? Olar muňa dymýarlar ýa-da meniň bilen ylalaşýarlar» diýip, ol sözüne goşýar.
Makala "Kawkaz.Realii" saýtynyň habarçysy Lidiýa Mihalçenkonyň materiallary esasynda taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.