Aşgabadyň häkimiýetleri zibil dörýän raýatlary çelekleriň ýanyndan kowýar
Bu waka, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, paýtagtda we welaýatlarda zibil dörýän adamlaryň köpelýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzly-yzyna gelip gowşan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
“Şu günler Jemagat hojalygy müdirligine degişli arassaçylyk işgärlerini tas ähli zibil çelekleriniň ýanynda görse bolýar. Olar mätäç adamlaryň zibil dörmeginiň öňüni alýarlar. Işgärler bu adamlar gelen badyna, olary çelegiň ýanyndan kowýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, bu işgärler etrapçalaryň ýaşaýjylaryna plastik paketlere salnan azyk galyndylaryny, şol sanda çörek böleklerini çelekleriň ýanynda goýup gitmegi hem gadagan edýärler.
“Işgärler ýaşaýjylaryň azyk galyndylarynyň ählisini zibil çelekleriniň içine taşlamaklaryna dykgatly gözegçilik edýärler” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan ozal, köp ýaşaýjy azyk galyndylaryny, çörek böleklerini aýratyn plastik pakete salyp, çelekleriň içine taşlaman, ýanynda goýýardy.
“Eklenji hor hojalyklaryň ýaşuly we ýaşy kiçi nesli günüň dowamynda zibil çelekleriniň daşyny aýlanyp, bu paketleri alyp gidýärdi” diýip, ýaşaýjy belledi.
Müdirligiň işgärleri ýaşaýjylara bu çäreleriň sebäbini paýtagtyň, şol sanda çelekleriň arassaçylygyny üpjün etmek işleri bilen düşündirýärler.
Ýöne müdirlikdäki ynamdar çeşmämiziň aýtmagyna görä, bu çäreler “ýurtda zibil dörýän adamlaryň köpelýändigi baradaky maglumatyň prezidente baryp ýetmegi” bilen baglanyşykly.
“Ýokary derejeli döwlet emeldarlary mätäç adamlardan habarsyz. Ýöne bu ýagdaý güýç gulluklary tarapyndan prezidentiň apparatyna, ýurdy dolandyrýan emeldarlara baryp ýetdi. Şondan soňra bu ýagdaýa prezidentiň ýakynda welaýatlaryň we paýtagtyň häkimleri bilen geçirilen ýygnagynda deglip geçildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen ýygnakda häkimlere mätäç adamlaryň zibil dörmeginiň öňüni almak we olary çelekleriň ýanyndan kowmak berk tabşyryldy.
“Häkimlere azyk galyndylarynyň çelegiň içine taşlanmagyna berk gözegçilik etmek hem tabşyryldy. Olar munuň bilen zibil dörýänleriň sanyny azaltmaga çalyşýarlar. Sebäbi olaryň köpelmegi, hökümetiň ýurtda ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygy baradaky öňe sürmelerine kölege salýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlygyň bu barada Aşgabadyň häkimliginden we Jemagat hojalygy müdirliginden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda indi ýedi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gymmatlamagynyň arasynda, güzeran eklenji agyrlaşýan hojalyklar köpelýär.
Bu ýagdaý, ýurtda zibil çeleklerini dörüp, azyk galyndylaryny gözleýän, öýlere aýlanyp, azyk we sadaka soraýan, dilegçilik edýän adamlaryň hem göz-görtele köpelmegine getirdi.
Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy goldawyna mätäç raýatlaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.
Muňa derek, resmiler adamlaryň zibil dörmeginiň, sadaka soramagynyň, dilegçilik etmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.