Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy

0
Özbek awiakompaniýasynyň "Centrum Air" uçary Türkmenistanyň Mary şäherinde gyssagly gonmaly boldy diýip, Zakon.kz habar gullugy 1-nji fewralda habar berdi. Azatlygyň Marydaky habarçysynyň ýazmagyna görä, ýolgaçylar Mekgeden alan sowgatlyklaryny, alyp gelýän zem-zem suwlaryny Mary howa menzilinde goýmaly boldular.


Awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň öz telegram kanalynda ýazmagyna görä, Medineden Fergana uçup gelýän A321neo görnüşli “Centrum Air” C6 3336 uçarynyň motoryndan ýangyç syzýandygy bellli boldy.


Uçar serkerdesinden habar alnanyndan soň, Marynyň howa menziline ätiýaçda duran A321neo uçaryny ibermek baradaky karara gelindi.


Podrobno.uz neşiriniň habarçysy hem özbek awiakompaniýasynyň Medineden Fergana uçýan "Centrum Air" uçarynyň motoryndaky ýangyç syzmasy sebäpli gyssagly ýagdaýda Maryda (Türkmenistan) gonandygyny habar berdi.


Uçuş 1-nji fewralda amala aşyryldy. Mara iberilen uçar ýolagçylary we olayň goşlaryny Fergana howa menziline getirdi.




“Centrum Air” uçarynyň inženerçilik topary motordaky ýag syzmasynyň öňüni aldy we ol uçar basym ýolagçysyz uçup, Daşkende tehniki uçuşy amala aşyrar diýip, habarda bellenýär.


Bu habary Azatlygyň Marydaky habarçysy hem tassyk etdi.


Özbek uçary Mary howa menzilinde öýlän sagat 15.00-16-00 aralygynda gondy. Uçardaky ýolagçylar Mara Özbegistandan iberilen ätiyaçlyk uçaryna geçirildi. Ýolagçylar beýleki uçara diňe iň zerur goşlaryny alyp münmeli edildi. Olar Mekgeden alan sowgatlyklaryny, alyp gelýän zem-zem suwlaryny Maryda goýmaly boldular diýip, Azatlygyň habarçysy wakadan habarly çeşmä salgylanyp habar berdi.


Ýatlatsak, “Özbegistan Howaýollarynyň” Buharadan Moskwa uçýan A-320 uçary, motorlarynyň biriniň işlemezligi netijesinde, ýanwar aýynyň ortalarynda Wnukowo howa menziline baryp bilmändi. Ýöne ol uçar üstünlikli gondy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина начала работать с бывшим тренером Динары Сафиной






Боец ВС России Крест: Микич ходил в «накат» вместе с первой пятёркой бойцов

Консультант Пронин рассказал о возможных симптомах онкозаболеваний

В Новосибирске заметно вырос интерес к российским платформам для делового общения