Şwesiýanyň ulular mekdebinde bolan atyşykda 10 töweregi adam öldi
Polisiýa ýerli wagt bilen sagat 1:30 töwereginde duýduryş signalyny aldy. Wakanyň jikme-jiklikleri aýdylmaýar. Operasiýa wagtynda howpsuzlyk işgärleriniň ýaralanmandygy aýdylýar. Metbugat habarlaryna görä, atşygy başlan adam özüni atypdyr.
“Aftonbladet” hüjümçiniň takmynan 35 ýaşyndadygyny, ozal polisiýa tanyş bolmandygyny habar berdi. Polisiýa bu adamyň ýekelikde hereket edendigine ynanýar, ýöne onuň iş şärikleriniň bolmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar.
Şwesiýanyň adalat ministri Gunnar Strömer ýagdaýy "çynlakaý" diýip atlandyrdy. Ol hökümetiň polisiýa bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny we "wakalara ýakyndan gözegçilik edýändigini" aýtdy.