Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

'Yz galmaz ýaly urjak ýerini bilýärdi'. Deputatyň öňki aýaly ony köp ýyllyk zorlukda aýyplaýar

0
Gazagystanda maşgala zorlugy bilen bagly ýene bir ýagdaý köpçülige mälim boldy. Atyrau şäherinden bolan ýerli deputatyň Aýbar Erekeşowyň öňki aýaly Nuržamal Tajgaliýewa adamsyny köp ýyllap zorlukda we psihologiki gysyş etmekde aýyplady. Onuň sözlerine görä, durmuş guranlaryndan soň adamsy ony 12 ýyllap yzygiderli ýenjipdir, indi bolsa dört çagasyny we aýalyň satyn alan öýüni elinden aljak bolýar.


Nuržamal öz maşgala durmuşynyň 12 ýylynyň tutuşlygyna gözýaşdan we agyrydan doludygyny aýtdy. Ol urulýandygy sebäpli yzygiderli lukmançylyk kömegini alýardy. Onuň sözlerine görä, hatda ýaş çagalarynyň bolmagy hem gaharly adamsyny saklap bilmändir: ençeme ýagdaýda bäbegini emdirýän ene ýenjilenden soň hassahana düşüp, düşekden galyp bilmän ýatypdyr.


Nuržamal maşgalasyny saklamak umydy bilen zorluga çydandygyny aýtdy, ýöne zorluk bes edilmändir.  




"Men iki gezek polisiýa ýuz tutdum: 2018-nji ýylda bäbegini emdirýän ene wagtym kellämi döwdi we 2023-nji ýylda tutuş agramy 120 kilogramy bilen üstüme oturyp, meniň oňurgama zeper ýetirdi, şonuň üçin men kadaly ýöräp bilmedim we hasa ulanmaly boldum" diýip, zenan aýdýar.


Tajgaliýewa polisiýa şikaýat edeninde, adamsynyň garyndaşlary ony arzasyny yzyna almagyna we adamsyny bagyşlamagyna yrmakçy boldular. Nuržamalyň sözlerine görä, adamsy her gezek özüni gowy alyp barmagy wada beripdir. Hatda biraz wagtlap özüni gowy alyp barypdyr, hususan-da, parlamentdäki orna eýe bolmak mümkinçiligi dörän wagtynda, sebäbi maşgaladaky zorluklar baradaky maglumatlar onuň deputat mandatyny gazanmak mümkinçiligine zeper ýetirip bilerdi.


Atyrau sebit geňeşiniň wekili Aýbar Erekeşowyň özi, öňki aýalynyň özüne bildirýän aýyplamalaryň hemmesiniň töhmetdigini öňe sürýär. Ol aýalyň hassahanada kömek sorandygyny, ýöne ýenjilmegi däl-de, serhoş halda alan şikesleriniň muňa sebäp bolandygyny aýdýar.


"2018-nji ýylda Nuržamalyň kellesinde şikes ýetdi we ol hassahana gitdi, sebäbi öýünde serhoş bolup, süýnüp, kellesini urdy" - diýip, deputat aýdýar.


"Men hiç haçan oňa elimi galdyrmadym! Ýalňyş düşündirilip bilinjek ýeke-täk waka, men onuň we uly gyzymyzyň arasyna goşulanymda boldy. Ýöne munuň argument hökmünde ulanylmagyny islämok" - diýip, Erekeşow aýtdy.


Tajgaliýewa öňki adamsynyň 11 500 dollar aliment bergisiniň bardygyny aýdýar. Nuržamalyň sözlerine görä, Erekeşow dört çagasyny we aýalyň satyn alan kwartirasyny hem elinden aljak bolýar. Nuržamal, hatda çaga dogurmak rugsadynda bolan wagtynda-da işlemegini bes etmändigini we köp ýyllap maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolandygyny nygtaýar.




Nuržamal öz maşgalasyny köp ýyl bäri gorkuda saklaýan erkek adamyň deputat bolmaga mynasyp däldigine ynanýar. Zenan öňki adamsynyň maşgaladaky zorluklar üçin sud edilmelidigini öňe sürýär.


"Bu we beýleki ýagdaýlaryň köpçülige mälim bolmagyny we Atyrau sebitiniň ähli deputatlaryna kölege salmagyny islemeýärin. Emma men mundan beýläk çydap bilmerin!" - diýip, Gazagystanyň prezidenti Tokaýewe ýüz tutan Nuržamal aýdýar.


Polisiýa Erekeşowa bildirilýän aýyplamalar barada entek düşündiriş bermedi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Роттердам (ATP). 1-й круг. Хуркач борется с Коболли, Медведев сыграет с Вавринкой, Циципас – с Майо






Телемост Герои Победы в Великой Отечественной войне.

Международная конференция «Спортивные события: генерация социальных эффектов» соберет в Российском Международном Олимпийском Университете экспертов из 9 стран мира

Эксперимент с беспилотными авто в России закончился 36 ДТП без пострадавших

В рамках проекта «Зима в Москве» пройдет костюмированный фестиваль «стиляг»