Türkmenabatda azyk harytlarynyň käbir görnüşleri 200%-e çenli gymmatlady
“Fewral aýynyň başlanmagy bilen gündelik azyk harytlarynyň nyrhlary gymmatlap, käbiri telim esse ýokarlandy. Iň ýiti gymmatlamany kömelekleriň bahasynda görse bolýar. Ozal 1 kilogramy 20 manatdan satylan iýilýän kömelekler häzir 60 manat bahalanýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
4-nji fewralda şäheriň “Gök” bazaryna baryp gören habarçymyz tüwiniň bir kilogramynyň 10 manatdan 15 manada, pomidoryň we hyýaryň bahalarynyň 15 manatdan 25-30 manada gymmatlandygyny belleýär.
“Bir litr süýt gaýmagynyň bahasy 50 manatdan 70 manada ýokarlanypdyr. Mundan ozal 60-65 manat bahalanan bir kilogram et indi 70-75 manatdan satylýar” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bazar administrasiýasy gymmatlama we munuň anyk sebäbi barada ilata düşündiriş mazmunly bildiriş etmeýär. Söwdagärler bolsa, harytlary “özleriniň hem gymmatdan satyn alýandygyny” aýtmak bilen çäklenýärler.
Habarçymyz şäheriň bazarlarynda beýleki azyk önümleriniň bahalarynyň hem gymmatlap başlandygyny belläp, olaryň käbiriniň häzirki nyrhlary barada maglumat berdi.
1 kg ýerli makaron önümleri 20 manat we ondan ýokary,
1 kg şeker 18 manat,
30 sany ýumurtga 56 manat,
1 kg malyň ýüregi we bagry 30-35 manat,
Ölçenilip satylýan mesge ýagynyň 1 kilogramy 110 manat,
1 kg sarymsak 50 manat,
1 kg bolgar burçy 25 manat bahalanýar.
“Bazara baranymyzda garbanmak üçin satyn alýan 5 manatlyk somsalaryň nyrhy-da 40% gymmatlap, 7 manada galypdyr” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň söwda edarasyndan, agzalan bazaryň administrasiýasyndan telefon arkaly teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri 2025-nji ýylyň başyndan aýlyklaryň 10% ýokarlandyrylýandygy barada geçen ýylyň tomsunda yglan edeli bäri ýurtda azyk önümleriniň we durmuş hyzmatlarynyň ençeme görnüşi telim göterim gymmatlady.
Şu ýylyň başyndan bäri bu ýagdaýlar barada Mary, Balkan welaýatlaryndan we Aşgabatdan birnäçe gezek maglumat beren habarçylarymyz gymmatlamalaryň ilatyň güzeran eklenjine barha köp agram salýandygyny aýdyp gelýärler.
Inflýasiýanyň derejesini ýyllarboýy aç-açan yglan etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýar.
Muňa derek, “Türkmenistan Altyn Asyr” neşiri ýurduň Döwlet gümrük gullugyna salgylanyp, 2024-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň artandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.