Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Marynyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar

0
Mary welaýatynda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi döredi. Azatlygyň Marydaky habarçysynyň 5-nji fewralda beren maglumatyna görä, soňky birnäçe gün bäri nagt pul Mary şäheriniň we ähli etraplaryň bankomatlarynda tapdyrmaýar. Aýlyk, pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmän kösenýän adamlaryň uly nobatlarynda dawa turýar.


Mary welaýatynyň dürli etraplarynda şu hepdäniň başyndan bäri hiç bir bankomata pul salynmaýar diýip, Marydaky çeşmelerimiz adamlaryň aýlyk haklaryny, garrylyk we maýyplyk penisiýalaryny, şeýle-de çagalara berilýän kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigini gürrüň berdiler.


Etrap ýaşaýjylary her aýda plastik kartlaryna gelýän puluny nagtlaşdyrmak tamasy bilen welaýatyň administratiw merkezi Mary şäherine barýarlar, emma şäherde hem bankomatlarda pul ýok.




"Adamlar plastik kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakçy bolup, Mara jemlenýärler. Ilki başda banklara aýlandyk pul nagtlaşdyrmakçy bolduk, emma bankda pul ýok, bankomatlara haçan salynjagy belli däl diýdiler. Soňra biz ýaly elleri plastik kartly puluny nagtlaşdyrmakçy bolup ýören adamlara duşdyk we soraşdyk. Az salymda biz ýaly nagt pul gözlegindäki adamlaryň sany onlarça boldy. Biz nirede pul barka diýip, soraşdyrmaga başladyk" diýip, maryly oba ýaşaýjysy 4-nji fewralda gürrüň berdi.


Mary şäheriniň bankomatlarynda pul tapmadyk adamlar plastik kartlaryndaky puly nagt görnüşine geçirmek üçin dürli ýollary gözleýärler.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjy şeýle gürrüň berdi: "Öňki ýyllarda nagt pul ýetmezçilik edende biz ýangyç guýýan beketlere haýyş edip, puly nagtlaşdyrardyk. Biz Marynyň zaprawkalaryna aýlandyk, emma ol ýerde her 200 manady nagtlaşdyryp bermek üçin üstüne 20 manat soradylar, biz razylaşmadyk. Soňra uly we kiçi marketlere aýlandyk, emma dükanlarda häzir söwdanyň haýal gidýändigini we nagt puluň ýokdugyny aýtdylar".


Marydaky çeşmeleriň sözlerine görä, plastik kartlar bilen dermanhanalarda we dükanlarda hasaplaşyp bolýar, emma bu söwda nokatlaryň ählisine degişli däl.


"Uly marketlerde plastik kartymyz bilen söwda etmegi teklip etdiler, emma tekçelerdäki harytlarda ýazylan nyrhlar nagt görnüşli tölege degişli, eger-de plastik kartdan töleseňiz harydyň bahasy 1-2 manat ýokary bolar diýip, aýtdylar. Bazarlarda we köp hususy söwda nokatlarynda plastik kartdan söwda eder ýaly terminal asla ýok" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.


Mary şäheriniň ilaty we etraplardan baran adamlar kartlaryna geçirilen fewralyň puluny nagtlaşdyrmaga mümkinçilik gözleýärkä, käbir seýrek bankomatlara birden pul goýulýar. Bu barada adamlar bir-birinden eşidýärler we şol ýere howlugýarlar.


"Bir bank işgäri Mary şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrundaky halk içinde "Gospital hassahanasy" diýlip bilinýän keselhananyň içindäki bankomata pul salynandygyny aýtdy. Biz howlugyp, sabyrsyzlyk bilen şol ýere ugradyk, awtobusa-da münmän taksi tutup, gyssanmaç şol hassahana bardyk, emma baranymyzda uly nobaty görenimizde, bize bu gün nobat ýetmez diýdik. Adam gaty kän. Marynyň ähli etrabyndan adam bar şol ýerde. Her kim öz tanyşlaryna jaň edip, 'gel ýetişseň' diýip çagyrýarlar" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjysy aýdýar.




Keselhananyň giňişligindäki bankomatdan pul almakçy bolan adamlaryň sözlerine görä, bu ýerde nobatda harbylar hem bolupdyr. Polisiýa tertip-düzgüne gözegçilik edipdir.


"Harbylar hem bardy, olar onlarça bolup, nobatsyz pul çekmekçi boldular. Nobatdaky adamlar muňa garşy çykdylar. Harbylar polisiýa işgärlerine nobatsyz goýbermeklerini haýyş etdiler, emma polisiýa işgärleri halkyň nägileligini görüp, nobatsyz goýbermekden boýun gaçyrdy" diýip, ýagdaýa şaýat bolanlaryň biri 4-nji fewralda gürrüň berdi.


Howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly çeşmeleriň sözlerine görä, bankomatdaky pul gysga wagtda gutarypdyr we şol günüň dowamynda gaýdyp salynmandyr. Türkmen banklarynyň müşderileri plastik kartyndan günüň dowamynda 800 manatdan artyk çekip bilmeýärler. Şeýe-de, bolsa bankomatyň içindäki pul diňe onlarça adama ýetipdir.


Şu ýylyň başyndan bäri nagt pul ýetmezçiligi ýurduň beýleki welaýatlarynda hem ýitileşdi. Balkan welaýatynda ýanwaryň başynda bankomatlarda nagt puluň bolmazlygy pensionerleriň we döwletden maliýe kömek puluna garaşly ýaşaýjylary kösedi.


Lebap welaýatyň nagt pul ýetmezçiligi bilen bir wagtda bankomatlaryndaky kupýuralaryň esli bölegi köne bolup, ýaşaýjylaryň alyjylyk ukybyny peseltdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Роттердам (ATP). 1-й круг. Хуркач борется с Коболли, Медведев сыграет с Вавринкой, Циципас – с Майо






Ольга Любимова: конкурс «Интервидение» будет лишен политической конъюнктуры

Хватал и убегал: чемпион России по легкой атлетике задержан за кражу телефонов

Мария Захарова предположила, что Европа прогнётся под Трампа

Максим Фадеев: из музыкантов в продюсеры