Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Türkmenabatda zir-zibiller öz wagtynda ýygnalmaýar

0
“Üç punktda” bir aýdan bäri arassalanmadyk zir-zibil gutulary bar, olardan ýakymsyz ys gelýär diýip, birnäçe türkmenabatly aýdýar.


Ýerli ýaşaýjylar daş töweregi zir-zibilden dolup giden zibil gutularynyň suratlaryny paýlaşyp, şäher häkimliginiň jemagat gullugynyň zibil çeleklerini arassalamak işini ýanwaryň başynda bäri bes edendigini aýtdylar.


“Zibilleri alyp gidýän gyzyl reňkli ýörite ulag etrapçanyň çägine soňky sapar dekabr aýynyň ahyrynda geldi” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.


“Onlarça ýyl bäri şol bir ýagdaý gaýtalanýar. Hökümet zibilleri alyp gitmeklik hyzmaty üçin bizden pul alýar, emma öz borjuny ýerine ýetirenok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.




Jemagat gullugynyň işçileri, köçe süpürijiler zir-zibilleri arassalap, olary zibil gutularynyň golaýynda üýşürip goýýarlar.


Azatlyk Radiosyna bu sebitden gelip gowşan suratlarda töweregine zir-zibil üýşürilen zibil gutularyny görmek bolýar.


Ýerli ýaşaýjylar ýakymsyz yslardan ýaňa bu gutularyň töwereginden geçer ýaly däldigini aýdýarlar.


Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiz sebit paýtagtynda zibil gutularynyň öz wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly problemalaryň dowam edýändigini tassyklap, bu ýagdaýy jemagat gullugynda arassaçylyk işgärleriniň ýetmezçiligi baglanyşdyrýar.


“Komunal edaralarda işgär ýetenok. Olar çärelere çekilýär, pagta möwsümine gatnaşdyrylýar, käwagtlar uzynly gün işledilýärler. Şeýle şertlerde hiç kimiň işläsi gelmeýär” diýip, şäher häkimligindäki çeşme aýtdy.


Türkmenistanda welaýat we şäher häkimlikleriniň jemagat hojalygy müdirlikleri şäherlerde we etraplarda hojalyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini öz üstüne alýarlar.


Ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak, hasaba almak, ilata däp-dessur hyzmatlaryny guramak, ýylylyk üpjünçiligi, ilatly ýerleri arassa saklamak, zibilhanalary we olaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak ýaly işler häkimlikleriň jemagat hojalygy müdirlikleriniň üstüne ýüklenýär.


Gullugyň arassaçylyk işgärleri köplenç döwlet ýolbaşçylarynyň, ýokary wezipeli hökümet resmileriniň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda olaryň baryp görýän ýerlerinde öňünden adatdan daşary arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine çekilmekde tanalýar.


Jemagat hojalygy müdirlikleriniň işçileri ýurduň çäginde ykmanda itleri we pişikleri ýygnamak işlerine-de çekilýärler.


Ýöne Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme soňky wagtlarda jemagat gullugynyň işçileriniň bu işlere çekilmeýändigini aýtdy.




Jemagat gullugynyň işçileri bu sebitde soňky sapar täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda sebit paýtagtyny ykmanda itlerden we pişiklerden arassalamak tabşyrygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.


Şäherlerde we etraplarda zibil gutularynyň öz wagtynda arassalanmazlygy, olardan ýakymsyz ysyň gelmegi ýaly ýagdaýlar ýurtda öňden bäri gaýtalanýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.


Ýylyň başyndan bäri şeýle habarlar has-da ýygjamlaşyp başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýanwaryň birinji hepdesinde Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän obalarda zir-zibilleriň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýok edilýändigini, degişli hojalyk hyzmatlarynyň ýerli administrasiýalar tarapyndan hödürlenilmeýändigini habar berdiler. Şol gabatlar Mary welaýatynda aç adamlaryň zibil gutularyndan iýer ýaly zat gözlemegi üns merkezine düşdi.


Biraz soňra, ýanwar aýynyň ahyrlarynda Aşgabat şäherinde jemagat gullugynyň işgärleri zibil dörýän adamlara garşy gözegçilik işlerine çekildi.


Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşigi hojalyk galyndylaryny aýyrmak we zir-zibilleri öz wagtynda ýygnamak hyzmatlaryny hödürleýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Роттердам (ATP). 1-й круг. Хуркач борется с Коболли, Медведев сыграет с Вавринкой, Циципас – с Майо






Теннисист Фриц выиграл у Риндеркнеша на турнире в Далласе.

Новый самолет Tango российской сборки показали на выставке NAIS

Более 50 подъездов отремонтируют в этом году в Городском округе Коломна