Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Balkanly býujetçilerden ‘edara binalaryny abatlamak’ üçin ýene pul toplanýar

0
Balkanda edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýene pul toplanýar. Resmiler mejbury-meýletin ýygnalýan nobatdaky serişdäniň sebitdäki käbir edara-kärhanalaryň binalaryny abatlamak üçin harçlanjakdygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada balkanly býujet işgärleriniň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat berdi.


“Ýanwaryň aýlygynyň berlip başlanmagy bilen, ýa-da berilmegine garaşylýan şu günlerde býujet işgärleriniň tas ählisinden ýene pul ýygnalyp başlandy. Puluň mukdary, işgäriň eýeleýän wezipesine we alýan aýlygyna görä, üýtgeýär” diýip, Gyzylarbat şäherindäki edara-kärhanalaryň birinde işleýän işgär anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Býujet işgärleriniň tassyklamagyna görä, her bir işgärden iň pesi 20 manatdan toplanýar. Bular edara-kärhanalaryň arassaçylyk işgärleri bolup, olar esasan iň pes zähmet haklaryny alýan işgärlerdir.


Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ýygnalýan serişdä ýurduň Adalat ministrliginiň tabynlygyndaky ýerli edaralaryň binalarynda düýpli bejeriş işleriniň geçiriljekdigini aýdýarlar.


“Binalaryň arasynda prezident apparatynyň ýerli kazyýet binalary, adwokaturalar we nikalar öýi dagy bar. Bulary abatlamak üçin paýtagtdan merkezleşdirilen pul serişdesi bölünip berilmeýändigi sebäpli, welaýat häkimi şäher we etrap häkimlerine görkezme berdi. Puly işgärlerden ýygnamaly etdi” diýip, balkanly ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary puly bermekden ýüz öwürýän işgärlere, adatça bolşy ýaly, işden çykarylmak haýbatyny atýarlar.


Býujet işgärleri bolsa, mejbury-meýletin goşmaça tutumlardan halys irendiklerini belläp, bular üçin her aýda zähmet haklaryndan 10-15 göteriminiň saklanýandygyny aýdýarlar.


“Hökümet tarapyndan berilýän ujypsyz aýlyk onsuz-da gün görmäge ýetmeýär. Hökümet gurulýan binalary ilatyň hasabyna abatlajak bolsa, ilatyň gerdeni bu agramy götermez” diýip, balkanly býujet işgäri belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkan welaýat we Gyzylarbat şäher häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.




Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleri ýylyň dowamynda onlarça gezek näresmi pul goşundylaryny goşmaga mejbur edilýär.


Bu goşundylar haýyr-sahawat işleri, köpçülikleýin çäreler, arassaçylyk we oba hojalyk işleri, şol sanda pagta ýygymy, şugundyr we ýeralma ýygnamak, nahal satyn almak ýaly maksatlar üçin ýygnalýar.


Şu hepdäniň başynda Marydaky habarçylarymyz sebitiň býujet işgärlerinden bag ekmek çäresine nahal satyn almak üçin 20-30 manat pul ýygnalýandygyny habar berdiler.


22-nji ýanwarda bolsa, Aşgabatdaky habarçymyz işgärleriň, öz iş ornuny ýitirmezlik üçin, 1200-1300 manat aýlyk hakyndan her aýda 15 manadyny gazet-žurnallaryň abuna tölegine geçirmeli bolýandygyny aýtdy.


Habarçylarymyz ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we azyk-durmuş gymmatçylygynyň arasynda, pul goşundylarynyň raýatlaryň maşgala býujetine barha köp agram salýandygyny aýdyp gelýärler.


Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýyllarboýy dowam edip gelýän bu näresmi pul goşundylary we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина проиграла американке Крюгер во втором круге турнира WTA в Абу-Даби






Карельские хоккеисты вновь проиграли в Подмосковье

Потеряв Сирию, Россия укрепляется на юге Ливии

Новый вице-губернатор Петербурга работал преподавателем в сфере здравоохранения

Минтранс заявил о планах возобновить прямые перелеты между РФ и Абхазией в мае