Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri 4-nji fewralda onlaýn gepleşikler geçirdi. Taraplar “Farap awtoýollary-Alat” barlag nokadynyň kuwwatyny ýene-de artdyrmak kararyna geldiler diýip, Türkmenistanyň gümrük edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, özbek metbugaty habar berdi.
"Birža" neşiriniň maglumatyna görä, duşuşygyň gatnaşyjylary gümrük amallaryny optimizirlemek we tejribe alyşmak meýilnamalaryny beýan edipdir. Gümrük işgärleri ýakynda “Farap awtoýollary” barlag nokadynyň durky täzelenenden soň, ondan geçýän ulaglaryň sanynyň köpelendigini belläpdir we bu görkezijini artdyrmak mümkindigini aýdypdyr.
Lebap welaýatynda ýerleşýän “Farap awtoýollary-Alat” barlag nokadyndan geçýän transport serişdeleriniň we adamlaryň esli köpelendigi habar berilýär.
Türkmen-özbek serhedinden geçýän adamlaryň we awtoulaglaryň sanyny görkezýän resmi maglumatlar elýeterli däl. Emma Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistana 88,9 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik saparyna barypdyr.
Şeýle-de, türkmen raýatlary Özbegistana işlemek, saglygyny bejermek we bilim almak üçin köp barýar.
Ýurtlaryň arasynda 1650 kilometre barabar döwlet serhedinden Türkmenistandan Özbegistana dört serhet postundan geçip bolýar, olar Türkmenistanyň Lebap hem Daşoguz welaýatlarynda we Özbegistanyň Horezm, Buhara hem Garagalpagystan sebitlerinde ýerleşýär.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary raýatlaryň serhetden geçiş kynçylyklary habar beripdi. Türkmen-özbek serhedinden awtoulaglaryň, şol sanda halkara ýük daşaýjylarynyň geçmeginde bökdençlikler döräpdi.
Geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galypdy, sentýabr aýynda onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.