Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Balkan giň gerimli arassaçylyk işlerini geçirip, Berdimuhamedowlardan biriniň saparyna garaşýar

0
Balkanyň Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde we Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. 


Häkimligiň işgärleriniň we kanun goraýjylaryň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna aýtmagyna görä, bu işler Berdimuhamedowlardan biriniň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.


“Türkmenbaşy we Balkanabatda uly arassaçylyk işleri alnyp barylýar. Awaza we howa menzili aralygynda ýol gyralary arassalanýar. Düýn, 9-njy fewralda ýagyşly howa bolsa-da, arassaçylyk işleri güýçli depginde dowam etdi” diýip, ýagdaýlardan habarly häkimlik işgärleriniň biri anonimlik şertinde aýtdy.




Bu işler üçin, hususan-da Awazanyň kenaryny arassalamak üçin welaýatyň ähli etraplaryndan jemagat hojalygy işgärleri getirildi. Olar Awazada we Türkmenbaşyda ýatyrlaýyn galýarlar.


“Türkmenbaşynyň kenaryndaky gamyşdyr haşal otlar arassalanýar. Hazaryň suwy kenardan 3 aýyň dowamynda ýene takmynan 30 metr çekilipdir. Kenarda tolkun bilen gelen deňiz otlary, hapa zibil galyndylary aşa köp. Mejbury arassaçylyga çekilen adamlardan kenary arassalap, zibil galyndylaryny gyssagly ýok etmek talap edilýär” diýip, arassaçylyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde aýtdy.


Bu işlere welaýat, etrap resmileriniň köpüsi gözegçilik edýär. Olar Türkmenbaşynyň we Awazanyň töwereginde geçirilýän arassaçylyk işlerini baryp görýärler.


“Häkimler kenarýakalardaky zibilleri daşamak üçin hususy ýük ulaglaryny hem mejbury ulanýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir arassaçylyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Mundan başga-da, resmiler arassaçylyk işlerine telekeçileriň hususy eýeçiligindäki ýük ulaglary we ekskawatorlary hem mejbury çekýärler.


“Etrap polisiýa we MHM işgärleri gelip, ‘tehnikalaryň bilen bir hepde ýardam berersiň, etrabyň tehnikalary döwük ýatyr, iş tamamlanansoň welaýat häkiminden size dizel ýangyjyny sorap göreris, ýöne wada bermeýäs’ diýip ýarym haýbat äheňde bizi hem mejbury arassaçylyk işlerine çekdiler” diýip, balkanly telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Bu arassaçylyk işleri, Türkmenbaşynyň häkimligindäki we polisiýasyndaky çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňümizdäki hepde sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.




“Berdimuhamedowlardan biriniň Türkmenbaşydaky Adalat binasynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşjakdygy, şeýle-de deňiz goşunlaryna täze harby gämi satyn alnypdyr, şony gelip görjekdigi we Balkanabatda iri desgalaryň açylyşyna gatnaşjakdygy aýdylýar. Ýurt ýolbaşçysynyň welaýatyň durmuşy bilen tanyşjakdygy hem aýdylýar” diýip, polisiýadaky çemämiz belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi metbugaty döwlet ýolbaşçylarynyň ýurduň sebitlerine amala aşyrjak saparlary barada öňünden maglumat bermeýärler. Şol sebäpli bu saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälimliginde galýar.


Türkmenistanyň welaýatlarynda şeýle taýýarlyklar adatça döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda bolýar. Bu işlere köplenç Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, edara-kärhanalaryň işgärleri hem mejbury gatnaşdyrylýar.


Halk maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda we 8-nji fewralda Arkadag şäherine baryp gördi. Bu ýerde oňa şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Медведев опустился на одну строчку в рейтинге ATP






Эксперты оценили важность строительства нового путепровода для города

Пензенскую область отметили за успехи в создании модельных библиотек

«Мир гитары» соберет музыкантов из 15 стран

DeepSeek стал самой популярной нейросетью у жителей Карелии