Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi

0
Türkmenistanda howanyň birden sowamagy we garyň ýagmagy netijesinde elektrik energiýasynyň, gazyň üpjünçiligi kesildi, köçe-ýol hereketi kynlaşdy, ýollaryň sürjek we palçyk bolmagy zerarly ýol hadysalary köpeldi.


Aşgabatda güýçli gar 9-njy fewraldan 10-njy fewrala geçýän gije ýagypdyr.


"Güýçli ýagan gar köçeleri we agaçlary örtdi. Häzir gar biraz eredi. Bagtymyza howa aşa sowamady we doňaklyk bolmady" diýip, habarçymyz 10-njy fewralda irden gürrüň berdi.




Balkan welaýatynda garly howa anna güni başlanypdyr. Azatlygyň habarçysy hepdäniň dowamynda +20 derejesinde bolan maýyl howanyň birden -4 gradusa çenli sowap, garyň ýagandygyny habar berdi.


Balkanabat, Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly etraplarynda anna güni giçlik aralaşan sowuk howa we gar ýagmagy şenbe gününiň günortanyna çenli dowam edipdir. Howanyň birden gaty sowamagynyň netijesinde ýagan gar buza öwrülip, Türkmenbaşy-Aşgabat magistralynda 8-nji fewraldan 9-na geçen gije we günüň dowamynda 20-den gowrak ýol, ulag hadysasyna sebäp bolupdyr. Bu barada Azatlygyň habarçysy 9-njy fewralda aýtdy.


Onuň sözlerine görä, 8-nji fewralda hasaba alnan ulag hadysalarynyň ikisi 5 adamyň heläk bolmagyna getiripdir.




Sürüjilere salgylanan habarçy düýnden bäri Aşgabada gatnaýan taksileriň tizligi gaty peseldip, 20 sagada golaý ýolda, örän haýal we seresaplylyk bilen hereket edýändiklerini aýtdy.


“Ýol gaty sürçek, gar, tejribesiz, buzly ýolda ulag sürüp görmedik sürüjiler, ulag tekerleriniň hem gyş paslynda gabat gelmezligi ýol, ulag hadysalarynyň köp bolmagyna getirdi” diýip, sürüji gürrüň berdi.


Balkan welaýatyndaky çeşmelere görä, häkimiýetler howanyň sowamagy we ýol hadysalarynyň döremek howpy barada ilaty habarly etmek boýunça çäre görmändir.


Şu günler Daşoguz welaýatynda hem howa örän sowuk bolupdyr.


“Gar ýagmady, ýöne -18 gradusa sowuk howa saklanyp galýar, Boldumsaz, Ruhybelent, S.Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda ilatyň tebigy gaz we suw üpjünçilik meselesi agyrlaşdy, 6-njy gün mekdeplere okuwçylaryň tas 70 göterimi gelmedi, çagalar sowuk klaslarda sowuklamak islemeýärler” diýip, habarçy ýerli çeşmä salgylanyp aýtdy.




Mary welaýatyna garyň ýagmagy netijesinde köçeler palçyk bolypdyr, käbir etraplarda elektrik togy kesilipdir.


Azatlygyň habarçylaryna görä, ýollardaky gar eräp, palçygyň emele gelmegi awtoulag sürüjileri üçin kynçylyk döredipdir. Howpsuzlyk aladalaryndan başga, sürüjiler awtoulaglarynyň hapalygy sebäpli goşmaça jerimelere sezewar bolandygyny gürrüň berdiler.


"Döwlet Ýol Gözegçilik işgärleri palçykly ýollary gazanç çeşmesine öwürdiler. Mundan öň ýagyn ýagyp tä uly ýollaryň üsti guraýança awtoulaglary daşy hapa diýip saklamazdylar, indi täze gazanç usulyny tapdylar. Ýagyn ýagyp köçelerde suw toplanan ýerlerde duran polisiýa işgärleri her geçen awtoulagy saklap, 'gyradan ýöräp barýan pyýadalara suw syçratdyn' diýip, jerimä derek 10 manat para soraýarlar" diýip, maryly sürüji gürrüň berdi.


Türkmen häkimiýetleri ençeme ýyl bäri tebigy hadysalar, şol sanda sowuk howa, sürçek, buzly ýollar sebäpli ýüze çykýan heläkçilikli hadysalar barada ilata habar bermeýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Российский теннисист Медведев опустился на одну позицию в рейтинге ATP






1986 год. Женщина отомстила врачам, из-за ошибки которых потеряла своего единственного сына.

Фонд "СПИД.ЦЕНТР" объявил о закрытии филиала в Нижнем Новгороде

Стоимость вторичного жилья в начале года стагнирует на фоне сокращения предложения

Пенсионерка заказала убийство мужа за 5 млн рублей ради недвижимости в Дубае