Tramp "gorkan" Eýran ýadro ylalaşygyna taýýar diýýär
Tramp 10-njy fewral güni giçlik "Fox News" neşirine beren interwýusynda eýran resmileriniň ylalaşyk gazanylmazlygynyň mümkin bolan netijesinden “alada galýandyklaryny we gorkýandyklaryny” aýtdy.
Ol bu sözleri Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian Waşingtonyň Tähran bilen gepleşik geçirmek meselesindäki dürslügini sorag astyna alanyndan birnäçe sagat soň aýtdy.
"Hemmeler, biziň kömegimiz ýa-da razylygymyz bilen, Ysraýyl gelip, olary soňuna çenli bombalar diýip pikir edýär. Men munuň beýle bolmazlygyny isleýärin" diýip, Tramp aýtdy.
"Siz Eýranyň ...ýadro ýaragyny edinmegine ýol berip bilmeýärsiňiz, ýöne olary saklamagyň iki ýoly bar: bomba ýoly ýa-da kagyz bölegine ýazmak ýoly bilen .... Men Eýran ylalaşyk baglaşmak isleýär diýip pikir edýärin we, men hem olary bombalaman, ylalaşyk baglaşmak isleýärin" diýip, Tramp aýtdy.
Tramp, Ysraýylyň oktýabr aýynyň aýagynda eden hüjümlerini nazara alyp, Tähranyň howa goragynyň "uly ýitgi" çekendigini we ysgyndan düşürilendigini aýtdy. Analitikleriň aýtmaklaryna görä, bu hüjümler netijesinde Eýranyň uzak aralyga ýetýän ballistik raketalary öndürmek ukybyna "düýpli zarba" uruldy.
Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi geçen hepde, Tramp eýranlylaryň ýadro ylalaşygyny baglaşyp, ‘öz güzeranlary bilen bolup biljekdiklerini” aýdanyndan soň, ABŞ bilen ýadro gepleşiklerini geçirmek perspektiwasyny ret etdi we gepleşikleriň Eýranyň meselelerini çözüp bilmejekdigini aýtdy.
Tramp 4-nji fewralda Eýrana "iň ýokary ykdysady basyş" syýasatyny dikeltmek baradaky buýruga gol çekdi. Bu basyş Eýranyň nebit eksportyna zyýan ýetirilmegini we Tähranyň raýat maksatly ýadro maksatnamasynyň haýalladylmagyny nazarda tutýar.
Dünýä döwletleri bilen 2015-nji ýylda, sanksiýalary gowşatmak şerti bilen baglaşylan düýpli ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek mümkinçiligini berdi.
Emma Tramp ilkinji möhletinde Birleşen Ştatlary şertnamadan çykardy we 2018-nji ýylda Eýrana garşy girizilen sanksiýalary dikeltdi. Bu ýagdaý Tähranyň uran baýlaşdyrmasyny çaltlaşdyrmagyna we ýadro desgalarynyň halkara barlaglaryny çäklendirmegine sebäp boldy.
Tramp ýdro ylalaşygyndan çekilende Tähranyň şertnamanyň ruhuna laýyk hereket etmeýändigini we ýadro ýaragyny edinmek synanyşygyny dowam etdirýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol Eýrany sebitdäki ekstremist zorlugy goldamakda aýyplady, Tähran bu aýdylýanlary ret etdi.
Tramp "Fox News" bilen söhbetdeşlikde Tähran bilen baglaşylan islendik täze şertnamanyň Eýranyň ýadro işlerine gözegçilik etmek, barlamak we tassyklamak, ýadro materiallaryny ýok etmek ýa-da olaryň "indi ýadro materialy däldigini" anyklamak mümkinçiliklerini öz içine almalydygyny aýtdy.
Ol bu ylalaşygyň anyk nämeleri öz içine aljakdygy barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.