Raýatlar durnuksyz Internet üpjünçiliginden şikaýat edýär
“Ýaňy bir GPON hyzmatlaryny ornaşdyrdym diýip begenipdim welin, birnäçe aý bäri durnukly işlän Internetiň tizligi birden ýaramazlaşdy, prowaýdere jaň etdim, ussa iberjek diýdiler, ýöne gelmedi” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Azatlyk Radiosy welaýatda GPON hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy barada birnäçe gezek habar berdi.
Hökümetçi neşirler GPON tehnologiýasy arkaly ýerli ýaşaýjylaryň ýokary hilli aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edilýändigini, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň üsti bilen telefon, Internet we telewideniýe hyzmatlarynyň bir wagtyň özünde elýeterli edilýändigini aýdýarlar.
GPON tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, “mundan beýläk bu hyzmatlaryň her haýsy üçin, aýry-aýry ulgamlary çekmek zerurlygy aradan aýrylýar” diýip, Lebap welaýatynda hökümetçi habarlary bilen tanalýan jeyhun.news ýazýar.
Hünärmenlere görä, bu tehnologiýalar 2,5 Gbit/s-a çenli tizlikde Internet üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Ýöne “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasy maksimum 6 Mb/s-a çenli tizlikde Internet hödürläp bilýär.
Hünärmenler GPON tehnologiýasynda fiber-optiki süýümli kabelleriň ulanylyp, Internet, ses we wideo hyzmatlarynyň ýokary tizlikde ulanyjylara ýetirilmeginiň üpjün edilýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary gündogar sebitde bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada esasan üç aý çemesi mundan ozal habar berip başladylar.
Türkmenabat şäheriniň birnäçe ýaşaýjysy noýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu ulgamlaryň ornaşdyrylmagyndan soňra, öýlere çekilen Internetiň tizliginiň ymykly ýokarlanýandygyny aýtdylar, ýöne muňa garamazdan, ýurduň çäginde çäklendirilýän onlaýn maglumat çeşmeleriniň heniz-de petik astynda saklanylmagyndan şikaýat etdiler.
Täze tehnologiýalar ýanwaryň başlarynda ýene bir gezek üns merkezine düşdi, şonda Türkmenabat şäheriniň birnäçe etrapçasynyň ýaşaýjylary öz ýaşaýan sebitlerine ýerli aragatnaşyk kärhanasynyň bu ulgamlary ornaşdyrmakdan ýüz öwürýändigini aýtdylar.
Bu tehnologiýalar boýunça gelip gowşan soňky maglumatda, şäher ýaşaýjylary GPON tehnologiýalary ornaşdyrylan hojalyklarda hem Internet üpjünçiliginiň kadasyz galýandygyny, Internet tizliginiň bir peselip bir beýgelýändigini aýdýarlar.
“Men para berip ýadadym, Internetiň tizligi peselenden soňra, arz-şikaýat bildirmegiň deregine, aragatnaşyk kärhanasynyň edara binasyna baryp, dawa etdim, şondan soňra Internetiň tizligi gowulandy” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy bolsa, GPON tehnologiýalary ornaşdyrylandan soňra, hojalykda Internet üpjünçiliginiň durnukly saklanandygyny, ýöne soňky wagtlarda bu ýagdaýyň ýaramazlaşandygyny aýdýar.
“Ussa gelmedi welin, Internet üpjünçisiniň edara binasynda işleýän bir tanşym bardy. Olar 450 dollar para soradylar, şondan soňra Internetimiň tizligi gowulandy” diýip, çärjewli ýaşaýjy aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi aragatnaşyk kärhanasynyň işgärleriniň “özlerinden para almak üçin” Internetiň tizligini “ýörüteläp haýalladýandyklaryny” aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň ýerli edarasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Bu aralykda, mobil Internetiň tizliginiň ýaramaz galmagy hem ýerli ýaşaýjylarda nägilelik döredýär.
IMO sosial ulgamynda paýlaşylan bir şikaýatda bir ulanyjy Lebap welaýatynda mobil operatoryň hödürleýän Internet hyzmatlarynyň tizliginiň ýaramazlaşmagyndan şikaýat edýär.
“Hormatly Altyn Asyr, Internet Lebap welaýatynda haçana çenli ýaramaz işlär!? Biz näme sebäpden beýle Internete ýokarlandyrylan töleg töleýäris!?” diýip, ulanyjy kinaýaly sorag berýär.
Bu ýagdaý boýunça mobil aragatnaşyk kärhanasyndan teswir almak synanyşygymyz netije bermeýär.
Türkmenabat şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan IT hünärmeni soňky 2-3 gün bäri Internet tizliginiň peselmegi sebäpli kompýuterlere ýüklenen antiwirus programmalaryny hem täzeläp bolmaýandygyny, dürli hili onlaýn oýunlaryň bolsa, serwerleriniň ýapylýandygyny aýtdy.
“Steam ulgamyndaky käbir oýunlaryň serwerleri düýbünden işlemegi bes etdi, PUBG we Fortnite ýaly oýunlaryň serwerleri hem togtaýar. Antiwiruslary hem “obnowit” edip bolanok. Bu ýagdaý biziň gazanjymyza zyýan ýetirýär” diýip, telefon ussasy aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri Internet ulgamyny, şol sanda onlaýn maglumat serişdelerini berk gözegçilik astynda saklamakda tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.