Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär
Ýaşaýjylar talaba laýyk ýylynmaýan otaglarda çyglylygyň artýandygyny, diwarlarda gara heňiň döreýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamy gyş paslynda öýleriň içini talaba laýyk ýylylyk bilen üpjün edip bilmeýär. Esasan hem Parahat 7 etrapçasynyň ýaşaýyş toplumynda jaýlara berilýän ýylylygyň gyzgynlygy 7-8 gradusdan geçmeýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň ençemesi jaýlaryň otaglaryndaky ýyladyş gapyrgalaryny eliň tersi bilen barlanyňda, ýylylygyň sähel duýulýandygyny hem belleýär.
“Talaba laýyk ýylynmaýan jaýlarda adamyň deminiň bugarmagy çyglylygy artdyryp, otaglaryň diwarlarynda gara heňiň döremegine getirýär. Heň günsaýyn has-da köpelýär. Adamlar elektrik peçler bilen jaýlaryny ýylydyp, çyglylygy azaltmaga çalyşýarlar” diýip, başga bir paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylar özleriniň “Aşgabatýylylyk” trestiniň başlygyna ýyladyş ulgamlarynda gyzgynlygy ýokarlandyrmak barada ýazýan arzalarynyň netije bermeýändigini hem belleýärler.
Trestiň hünärmenleri ýaşaýjylara dilden berýän maglumatynda ýyladyş ulgamlarynda gyzgynlygyň ýokarlandyrylmazlygynyň sebäbini döwlet tarapyndan ýeterlik möçberde gaz ýangyjynyň berilmezligi bilen düşündirýärler.
“Her bir ýyladyş kotelnisiniň, ýagny ýyladyş suw gazanynyň her aýda sarp etmeli gaz ýangyjynyň mukdary döwlet tarapyndan kesgitlenendir. Şol sebäpli kotelniniň baş inženeriniň görkezmesi esasynda az mukdarda gaz ýakylyp, jaýlara berilýän gyzgynlyk örän pes derejede saklanýar we bu bolsa, öýleriň içiniň sowuk bolmagyna getirýär” diýip, ýaşaýjy trestiň hünärmenleriniň biriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Onuň tassyklamagyna görä, hünärmenler kesgitlenen çäkdäki kub metr gazdan artyk sarp eden ýyladyş suw gazanlarynyň işgärlerine jerimäniň göz öňünde tutulandygyny hem belleýärler.
“Ýaşaýjylar hökümet Türkmenistanyň ilatyna tebigy gazy hem rowa görmeýär, halka bereninden, daşary ýurtlara, Hytaýa eksport edip, gyzyl pul gazanyny ileri tutýar’ diýip, prezidentden we hökümet emeldarlaryndan nägile bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki “Aşgabatýylylyk” trestinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylda ýurtda 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gazyň çykarylandygy mälim edildi.
Ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen mejlisde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow geçen ýylda 8 million 279,7 müň tonna nebitiň çykarylandygyny hem aýtdy.
Ýöne ol bulardan näçe göteriminiň eksport edilendigi we näçesiniň içerki sarp edijilere goýberlendigi barada anyk maglumat bermedi.
Şol bir wagtda, döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda ýurtda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolandygyny aýtdy.
Özüniň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan we Hytaýa her ýylda 30 milliard kub metrden gowrak gaz eksport edýän Türkmenistanda ilat ýaramaz gaz üpjünçiligi, şol sanda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.