Hong-Kong Aziýa oýunlarynyň bäsleşiginde edilen 'hüjümi' ýazgarýar
Hong-Kong 10-njy fewralda, Aziýa gyş oýunlarynda Türkmenistan bilen 9-njy fewralda geçirilen oýundan soň, üç hokkeýçiniň ýaralanmagyna sebäp bolan "hüjümi" ýazgardy.
Türkmenistanyň dört oýunçysynyň Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilýän oýunlara gatnaşygy togtadyldy diýip, Hong-Kongyň sport resmileri Halkara hokkeý federasiýasyna (IIHF) salgylanyp aýtdylar.
AFP habar gullugy düşündiriş almak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti we IIHF-niň, Halkara hokkeý federasiýasynyň resmileri bilen habarlaşdy diýip, habarda bellenýär.
Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki metbugatynyň maglumatyna görä, bazar gününde, 9-njy fewralda geçirilen oýunda Türkmenistan garşydaşlaryndan 5-1 hasabynda utulansoň, türkmen hokkeýçileri Hong-Kong hokkeýçileriniň “birnäçesini” urup ýykdy.
Sosial mediada paýlaşylan wideolar, eminleriň aralamaga synanyşmagyna garamazdan, azyndan üç türkmen oýunçysynyň Hong-Kong oýunçylaryna ýumruk salýandygyny görkezdi.
"Hong-Kong Sport federasiýasy we Olimpiýa komiteti, Hytaý türkmen türgenleriniň Hong-Kong türgenlerine bilkastdan eden we şikes ýetmegine sebäp bolan hüjümini berk ýazgarýar" diýip, dolandyryş guramasynyň beýanatynda aýdylýar.
"Men gaty geň galdym we çyn ýürekden gynandym. Men bu zorluk hereketini berk ýazgarýaryn" diýip, missiýa başlygy Kennet Fok aýtdy.
Şeýle-de, "Bäsleşigiň ahyrky netijesine garamazdan, türgenler zorluga sezewar edilmeli däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda geçirilýän oýunlary görmäge gelen Hong-Kong ýolbaşçysy Jon Li hüjüm wagtyndan ýaralanan oýunçylaryň halyndan habar aldy diýip, habarda bellenýär.
“Harbin” oýunlary sebitleýin ýaryşyň dokuzynjy gezek geçirilişi bolup, 14-nji fewralda tamamlanar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.