Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen energiýa, ulag, suw hyzmatdaşlygyna ygrarly
Meredow Eýranyň prezidenti bilen türkmen wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde gepleşdi.
Pezeşkian eýran-türkmen gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini belläp, 10-njy fewralda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň ähmiýetini nygtady.
Türkmen DIM-niň web sahypasy bu söhbetdeşligiň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.
Şol gün iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, Raşid Meredowyň we Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçiniň başyklyk etmeginde parlamentara Dostluk toparynyň işiniň geljegine we ýakyn wagtda geçirjek çärelerine garaldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.
Şeýle-de, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikde geçiriljek çäreleriň ähmiýetini bellediler.