Gazagystan Aral deňziniň guran ýerleriniň ýarysyna golaýyna saksaul eker
Aral deňziniň guran ýerlerinde tokaý döretmek tagallalary bir zamanlar dünýäniň dördünji uly içerki suw howdany bolan kölüň ýerleşýän sebitiniň ekologiýa ulgamyny gowulandyrmagy maksat edinýär.
Topragy durnuklaşdyrmaga we guran deňizden her ýyl 100 million tonnadan gowrak duzuň, gumuň we tozanyň daş-töwerege ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen “ýaşyl guşak” taslamasyna hem döwlet, hem hususy guramalar gatnaşýar.
Sebitiň gurak şertlerine mahsus bolan ojar tokaý döretmek üçin esasy görnüş hökmünde saýlandy.
“Häzir, goşmaça tagallalaryň tebigy dikeldişe gönükdirilmegi bilen, gazak çäginde 475,000 gektar meýdanda iş geçirildi. Eger biz başlangyçlaryň ählisini goşup hasaplasak, tokaý döretmek çäreleri eýýäm 612,000 gektar meýdany ňz içine alýar. 2025-nji ýyl üçin meýilnamalar goşmaça 428,000 gektar ýere sazak ekmek bolup, ýylyň aýagyna çenli umumy mukdary 1,1 million gektar ýere, suwy çekilen meýdanyň 40% -ine sazak ekiler” diýip, Abuow Astanada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ol sazak tohumyny ýygnamak we ekmek baradaky taslama takmynan 300 sany ýerli ýaşaýjynyň gatnaşýandygyny hem sözüne goşdy.