Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Türkmenistan harby gullukdan ýüz öwren Ýehowa şaýatlaryna iş kesmegi dowam etdirýär

0
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap kazyýeti 27-nji ýanwarda Agabek Rozbaýewi, Ýehowa şaýady bolan 20 ýaşly ýigidi 18 aýlyk düzediş işlerine höküm etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Ýehowa şaýatlarynyň neşirinde 11-nji fewralda çap edilen maglumata salgylanyp habar berýär.


“Agabegiň türmede oturmaly däldigine garamazdan, onuň bu döwürde dünýewi işinden gazanan aýlygynyň 20% -ini döwlete geçirmelidigini aňladýar” diýip, Ýehowa şaýatlarynyň neşiri belleýär.


Agabegiň işi şu ýyl Türkmenistanda ýehowa şaýatlarynyň garşysyna gozgalan ikinji iş bolup durýar. Mundan öň hem bir ýehowa şaýady, dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin jogapkärçilige çekilipdi.


Agabegden tapawutlylykda, Arslan Wepaýew birnäçe hepde öň, harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin, iki ýyllyk düzediş işlerine höküm edildi.


Agabek Rozbaýew 2022-nji ýyldan bäri, bellige alynmagy üçin, harby komissarlykdan birnäçe gezek çakylyk aldy. Ol her gezek özüniň dini ynanjyny we harby gullukdan ýüz öwürmeginiň sebäplerini hormat bilen düşündirdi. Emma muňa garamazdan, ol 2024-nji ýylyň dekabrynda häkimiýetleriň özüne garşy jenaýat işini açandygyny bilip galdy. Bu jenaýat işi oňa ýanwar aýynyň aýagynda iş kesilmegine we höküm çykarylmagyna alyp geldi diýip, habarda aýdylýar.


 Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli eline ýarag alyp, harby gulluk etmekden ýüz öwürýän raýatlar, din azatlygy guramalarynyň çagyryşlaryna, Aşgabadyň bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna garamazdan, onlarça ýyl bäri yzarlanmalara sezewar edilýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Медведев победил Штруффа и вышел в полуфинал теннисного турнира в Марселе






Число отравившихся в московском хостеле выросло до 70

Продвижение из правил: маркетплейсы обяжут маркировать платные объявления

Суд в Москве арестовал новые активы семьи бывшего мэра Сочи Копайгородского

Младшая дочь Заворотнюк дебютировала в номере папы с его бессменной партнершей Наоми Ланг — видео