Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Toý, sadakalara gatnaýan il ýaşululary üçin düwünçegiň nyrhy artdy

0

Türkmenistanda patalara, toýlara we sadakalara gatnaşýan il ýaşulylaryna däbe görä berilýän aklygyň, düwünçegiň nyrhy ýokarlanypdyr. Azatlygyň habarçylarynyň Mary welaýatyndaky ýagdaý barada beren maglumatlarynda ýaşulylaryň berilýän düwünçegiň nyrhyny özleriniň kesgitleýändigi aýdylýar.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynda il ýaşululary pata, toý, sadakalara baryp nahar iýip, bir aýat okap, dünýäden öten bendilere aýat, töwir bagyş edenleri üçin aklyk düwünçege 100 manat düwüp bermeklerini soraýarlar, diýlip, Azatlygyň Marydaky habarçysynyň we çeşmeleriniň 13-nji fewralda beren maglumatynda aýdylýar.

Habarçynyň sözlerine görä, eger öý eýeleri düwünçege az mukdarda pul salyp berseler, bu açyk nägilelige sebäp bolup bilýär.

"Eger düwünçege 10, 20 manat düwüp berilse, ýaşuly köçede açyp, öý eýesini çagyryp, düwülen düwünçegiň ýagny aklygyň azdygyny aýdyp, ol düwünçegi yzyna berýär we 'bar içini oňar, azyndan 100 manat salyp getir' diýip aýdýar" diýip, maryly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar çärelere barýan ýaşululara hormat edilip, meýletin berilýän düwünçeklerine we puluna şeýle gödek çemeleşilmegini gaty artykmaç hasaplaýarlar.

"Olar toý edýän, sadaka, aýdylan janly, pata berýän adamyň durmuş ýagdaýyna seretmeýärler. 'Biz onsuzam uly çykdaýjy edip märekä nahar, çaý berip otyrys' diýip aýtsaň il ýaşululary şonça zada pul tapan bolsaň bize-de düwünçek düwmäne 100 manat taparsyň' diýip aýdýarlar. Beýdip kemsidip, az pul düwjek bolsaňyz onda bizi çagyrmaň diýip aýdýanlaram bar" diýip, maryly ýaşaýjylaryň ýene biri gürrüň berdi we il içinde hormatlanýan ýaşy uly adamlaryň özlerini şeýle alyp barmagynyň gelşiksiz görünýändigini belledi.

Şeýle-de bolsa, ýaşulularyň arasynda asla düwünçek almaýan adamlar hem az däl ýa-da düwünçegiň içine 5-10 manat salyp berilse razy bolup gidýänlerem bar.

Marydaky habarçymyzyň maglumatyna görä, mollalaryň arasynda hem dürli adamlar bar. Käbirleri diňe gurply hojalyklaryň pata, toýuna gatnaşyp, garyp maşgalalaryň üýşmeleňlerine çagyrylsa, dürli bahana tapyp barmaýarlar.

"Işim çykdy, dümewledim ýaly bahanalar bilen garybyň toýuna, ýasyna, sadakasyna barmaýarlar. Gaýta barmazdan at dakýarlar. 'Bişirip berjek nahary 1 görnüş, gaýnan suwa azajyk aşyk ýaly ys çykar ýaly et atyp, ýeralma atyp gaýnadyp bererler' diýip öňünden aýdýarlar" diýip, çeşme aýdýar.

Ýaşulularyň ýene bir topary üýşmeleňlere barýarlar, emma baran ýerinden kem gözleýärler.

"Nahary halal adam bişirdimi, janlyny halal adam soýdymy ýa-da şuňa meňzeş zatlary sorap, öý eýesiniň ýokdan bar edip ýazan saçagyndan tagam datman gidýärler. Emma olar 100 manat düwünçek soraýarlar we aýat okap şol hojalygyň dünýäden öten hossaryndan öň prezidentiň kakasynyň ruhuna bagyş edýärler" diýip, çeşme gürrüň berýär.

Emma ähli çärä gatnaşyp, näme berseň iýip, düwünçege näme aklyk berseň alyp, hiç gep çykarman gidýänler hem bar. Baran ýerinden hatda aklyk düwünçek hem alman aýat okap gaýdýan ýaşulular hem bar, diýip maryly ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ýaşuly adamlaryň saçak ýazylan ýere baryp, pul talap etmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi nägilelik döredýär.

"Häzir halkyň ýagdaýy agyr. Hojalykda bir garry adam syrkaw ýatan bolsa, onuň 10 pensiýasyny goşaňda-da derman-därisine ýetmeýär. Bu il ýaşululary özleri bir sapar märeke üýşürip toý, sadaka etmedik adamlar şu günki gün 100 manat bermeseñ toý, sadaka gelmeýän boldular" diýip, maryly ýaşuly aýtdy.

Türkmenistanda däp bolan sadaka berilmegi soňky ýyllarda seýrekleşdi. Habarçylarymyz munuň ilat köpçüliginiň durmuş derejesiniň peselmegi bilen baglydygyny aýdýarlar. Hususan-da, Remezan aýynda agzaçar sadakalaryny berýän azaldy, hojalyklaryň köpüsi 10-20 adamdan ybarat dogan-garyndaşlaryny, dostlary we goňşularyny çagyrmak bilen çäklenýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Australian Open

Фоньини о целях в 37 лет: «Быть в форме, насколько это возможно, и играть в основной сетке «Больших шлемов»






Московский суд арестовал мужчину, пытавшегося отравить знакомого слойками со ртутью из-за ревности

CBS: Экипаж вертолета не услышал диспетчера перед авиакатастрофой в Вашингтоне

Более 250 тыс. человек воспользовались мобильным приложением «Макет Москвы»

На северо-востоке столицы открылся торгово-развлекательный центр по городской программе