Arkadagda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda meýdan eden gurluşyk işçileri welaýatlaryna iberildi
Muňa olaryň şäheriň köçelerinde we seýilgählerinde Berdimuhamedowlaryň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda hajathana zerurlygyny ýerine ýetirmegi sebäp boldy.
Bu ýagdaýlar barada şäherde zähmet çekýän gurluşyk işgärleriniň we hünärmenleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.
“Soňky birnäçe aýyň dowamynda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň, býustleriniň we heýkelleriniň aşagyna gyssagly meýdan eden, peşew eden işçileriň ençemesi saklandy. Olar Serdar Berdimuhamedowyň, onuň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we atasynyň heýkeldir býustleriniň we portretlerini golaýynda saklandylar” diýip, ýagdaýlardan habarly gurluşyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, bu işçiler soraga çekilip, olara düşündiriş işleri ýazdyryldy we jerime töletdirilenden soň, öz ýaşaýan welaýatlaryna ugradyldy.
Şäherdäki gurluşyk hünärmenleriniň birnäçesi hem bu maglumatlary tassyklap, Arkadaga kanun goraýjylar we howpsuzlyk işgärleri, hatda G.Berdimuhamedowyň hut özi tarapyndan berk gözegçilik edilýändigini aýtdy.
“Olar döwlet ýolbaşçylarynyň heýkeldir portretleriniň aşagynda peşew eden raýatlara geçirimlilik etmeýärler. Olar muny döwlet ýolbaşçylaryna hormatsyzlyk hasaplaýarlar” diýip, aşgabatly hünärmen anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda raýatlaryň köpçülik ýerlerinde, şol sanda açyk meýdanda, köçelerde we seýilgählerde meýdan etmegi gadagan edilýär. Bu gadagançylygy bozanlar “jemgyýetçilik düzgünlerini bozmakda” aýyplanyp, jerimä sezewar edilýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary mundan öň geçen ýylyň tomsunda Mary welaýatyndan maglumat beripdiler.
Ýöne bellesek, köçelerde we seýilgählerde meýdan etmegiň gadagandygy barada Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.
Gurluşyk hünärmenleri döwlet ýolbaşçylarynyň, şol sanda şäher häkimiýetleriniň Arkadag barada Azatlyk Radiosynda we beýleki garaşsyz neşirlerde çykýan islendik tankydy maglumatdan hem örän nägile bolýandygyny aýdýarlar.
“Bu barada ýygnaklarda hem gürrüň gozgalýar. Ýolbaşçylar şäheriň aragatnaşyk, Internet toruny goramak üçin daşary ýurtlardan ýörite hünärmenleriň hem getirilip, täze enjamlaryň satyn alnandygyny, Arkadagdan hiç bir negatiw habaryň çykmaly däldigini aýdýarlar” diýip, aşgabatly hünärmen Arkadagda VPN ulgamlarynyň hiç bir görnüşiniň işlemeýändigini hem aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Arkadagyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Aşgabadyň takmynan 25 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän we gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen Arkadag şäheriniň taslamasy iki tapgyrda durmuşa geçirilýär.
Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän şäheriň birinji tapgyry onuň doglan gününde, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda resmi dabara bilen açyldy.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy tarapyndan ýurduň çägindäki ilkinji “akylly şäher” diýlip, ýygy-ýygydan mahabatlandyrylýan şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023 – 2026-njy ýyllarda amala aşyrylýar.
2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Änew şäherinden Arkadag şäherine göçürildi. 2023-nji ýylyň martynda bolsa bu şäher kanun esasynda “döwlet ähmiýetli şäher” statusyna eýe boldy. 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti “2052-nji ýyla çenli Arkadag şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklady.
Synçylar Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “G.Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.
G.Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda we 8-nji fewralda Arkadag şäherine baryp gördi. Bu ýerde oňa şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.