Waşington forumy Merkezi Aziýanyň suw howpsuzlygyny maslahatlaşýar
"Sebitleýin integrasiýa bilen baglanyşykly sebit meselelerine özboluşly bir derejede syýasy çözgüt tapylmazdan, bu ýerde suw meseleleriniň çözgüdi ýok" diýip, Halkara salgyt we maýa goýum merkeziniň esasy analitigi Wesli Aleksandr Hill geçen hepde, Atlantik geňeşiň Waşingtonda geçirilen forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Hill Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda esasy derýalaryň gözbaşlarynyň esasan Russiýadaky, Hytaýdaky we Owganystandaky çeşmelere baglydygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol Gazagystana suw üçin maýa goýumlaryny wada beren Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjyna, Owganystanyň Hindiguşdan Özbegistan we Türkmenistan ýaly aşaky akym ýurtlaryna gelýän suw akymynna howp salýan Koş Tepa kanalyny gurmagyna ünsi çekdi.
Merkezi Aziýa hökümetleri indi birnäçe ýyl bäri Moskwa, Pekin we Kabul bilen suw meselelerinde ylalaşyk baglaşmagyň ýoluny gözleýärler.
Hill bu ýurtlarda suw infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň ilat üçin zerur bolan ykdysady mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
"Merkezi Aziýanyň suw infrastrukturasyna we serişdelerine maýa ýatyrmak - bu haýyr-sahawat taslamasy däl" diýip, ol aýtdy.
“Aslynda bu örän girdejili bir pudak hem bolup biler. Diňe bir hytaý we rus kompaniýalary däl, eýsem, Amerikan we Ýewropa kompaniýalary üçin hem bu pudakda, kanallary gaýtadan gurmak ýaly ugurlarda köp pul gazanmak mümkinçiligi bar diýip umyt edýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Waýlder Alejandro Sançes, Ikinji gat strategiýalarynyň prezidenti, Merkezi Aziýada suw howpsuzlygyny gazanmak üçin “real we rasional syýasat teklipleriniň” zerurdygyny nygtady.
"Biz ýerli hökümetleri suw ölçegi ulgamlaryny, damjalaýyn suwaryş we çal suwy gaýtadan işlemek ýaly tehnologiýalary ornaşdyrmagy maslahat berýäris" diýip, Sançes foruma gatnaşyjylara ýüzlenip aýtdy.
Şeýle-de, ol Merkezi Aziýanyň gowy resmileşdirilen korrupsiýa we ogurlyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, syýasat döredijileriň hasabatlylygyny, aç-açanlygy üpjün etmäge çagyrdy. Mundan başga, halk arasynda, jemgyýetçilikde suw howpsuzlygy taslamalaryna bolan ynamy berkitmek üçin, bu ugurdaky işlere halkara gözegçilik guramalary tarapyndan gözegçilik edilmegini teklip etdi.
Şeýle-de, Atlantik Geňeşiniň agzalary sebitiň 1992-nji ýylda döredilen döwletara suw utgaşdyryş komissiýasynyň has täsirli gurama, Merkezi Aziýa suw geňeşine ýa-da hemişelik dolandyryş edarasyna öwrülmegini teklip etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.