Aşgabatdan Daşoguza deportasiýa edilen içerki migrantlar soraga çekilýär
Polisiýa bu çäräniň sebäbini “ýokardan berlen buýruk” bilen düşündirip, olara Aşgabada däl-de, daşary ýurda gidip işlemegi maslahat berýär. Bu ýagdaýlar barada soraga çekilen daşoguzlylaryň ençemesi 14-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Aşgabatda haýsy kafede işleýärdiň? Ýaşaýan kwartiraňa aýda näçe manat töleýärdiň? Goşmaça söwda işleri bilen meşgullanýardyňmy? Ýaşaýan kwartiraňda näçe adam bardy? Ol ýerde erkek adamlar ýaşaýardymy? Işden soňra şäheriň nirelerine gezelenç edýärdiň? Welaýata deportasiýa edilmegiňden öň polisiýa tarapyndan tussag edildiňmi?” diýip, polisiýa işgäri menden sorady” diýip, daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Aşgabadyň hammamlarynyň birinde işlän we birnäçe gün ozal welaýata deportasiýa edilen Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy sebite dolanan badyna, ertesi güni ýerli polisiýa çagyrylandygyny belledi.
“Aşgabada gitmegimiň sebäpleri, ol ýerdäki gündelik durmuşym we haýsy adamlar bilen gatnaşyk saklandygym barada hem soraglar berildi. Polisiýa işgäri berýän jogaplarymyň ählisini telefonyndaky diktafona ýazga geçirdi” diýip, ol aýtdy.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen ýakynda paýtagtda içerki migrantlara garşy geçirilen reýdlerde tussag edilip, öz ýaşaýan sebitine deportasiýa edilen başga-da ençeme daşoguzly ýüzbe-ýüz boldy.
“Daşoguz şäherinde otludan düşen badyma, birnäçe sagadyň dowamynda polisiýa çagyryldym. Olar maňa dürli soraglaryň ençemesini berdiler” diýip, birnäçe ýyl bäri Aşgabatda hususyýetçileriň kärhanalarynda işlän iki çaganyň ejesi, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Daşoguzly ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäbini aç-açan düşündirmezden, diňe “ýokardan bize şeýle buýruk geldi” diýip jogap beripdirler.
“Aşgabada gidip ýörmäň, näme gerek görýäňiz? Iň gowusy, daşary ýurda gidip işleseňiz bolmaýarmy?” diýip, daşoguzlylar polisiýa işgärleriniň aýdan sözlerini sitirläp, bu çäreleriň özlerini howsala salýandygyny hem bellediler.
Azatlyga anonimlik şertinde maglumat beren daşoguzly aklawçy türkmen häkimiýetleriniň, şol sanda kanun goraýjylaryň alyp barýan bu işleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna gabat gelmeýändigini aýdýar.
"Türkmenistanyň hiç bir kanunynda beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň Aşgabatda işlemäge we ýaşamaga haky ýok diýlip görkezilen ýer ýok" diýip, ol belleýär.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Soňky onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara garşy göreşini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Bu göreş soňky gezek ýanwar aýynyň birinji ongünlüginde batlanyp başlandy.
Häkimiýetler üç günden artyk Aşgabatda galýan welaýat ýaşaýjylaryndan wagtlaýyn ýazgyda durmagy talap edýär.
Ýöne habarçylarymyz paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmak meselesiniň örän çylşyrymlydygy sebäpli, köp raýatyň muny amal etmek mümkinçiliginiň örän çäklidigini aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri bu çäreleri we munuň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Resmi media hem bu barada dymýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.