Maryda içgi sebäpli polisiýanyň eline düşen adamlar mejbury işlerde işledilýär
"Ýoldaşym Mary şäherindäki inçekesel infeksionnyý hassahanasynda. Men ondan nädip kesellediň diýip sorasam, 'meni we meniň ýaly onlarça adamy her gün dürli işlerde işledýärler, iýýän iýmitimiz gaty ýaramaz, eger men bärik işlemäne gelmedim diýip, işden boýun gaçyrsaň kanun goraýjylar bizi gaty erbet edip urýarlar, tä boldy işlejek diýýänçäň ezýärler" diýip, maryly zenan adamsynyň ýagdaýyny gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan zenan öz adamsynyň mundan 7 ýyl ozal içgili halyna öz maşgalasyna azar berendigi üçin bejergi berilýän hassahana ýerleşdirilendigini we bejergileriň netijesinde içgi meselesinden saplanandygyny, emma onuň soňky ýyllarda işläp, kadaly ýaşap ýörendigine garamazdan, onuň her ýyl polisiýa tarapyndan tutulandygyny gürrüň berdi.
Zenanyň sözlerine görä, onuň adamsy soňky gezek polisiýa tarapyndan alnyp gidilensoň, hassahana düşüpdir we Marynyň ýokanç we inçekesel hassahanasynda saklanýar.
Birnäçe çaganyň ejesi hiç bir etmiş etmedik adamsynyň polisiýanyň hasabynda durandygy sebäpli her ýyl polisiýa alnyp gidilmeginiň şu ýylky tejribesi barada gürrüň berip, onuň ekin meýdanlarynda işledilmeginiň netijesinde inçekesel hasahanasyna düşendigini gürrüň berdi.
"Irdenden tä gün ýaşýança işleýäris, bir sagat nahara we dynç almaga berýärler. Egnimiz ýuka geýimli şugundyr ýygnadyk. Biz niräk, haýsy şugundyr meýdanyna barýanymyzy bilmez ýaly demirden daş-töweregi ýapyk ýük ulagynda gatnatdylar. Aramyzda beden gyzgyny ýokarlanyp, demini zordan alýanlaram bar, emma derman-däri sorasaň hiç zat bermeýärler gaýta 10 manat berseň 5 minut öýüň bilen jaňlaşdyraýyn öýüňden pul sora, derman sora diýip aýdýarlar" diýip, zenan adamsyny sitirledi.
Hassa gyzgyny düşmän, üsgülewügi beterlänsoň polisiýa işgärleriniň ony "bu indi ölýär, bärde bir ölmesin diýip, hassahana eltip gaýdandygyny" aýalyna gürrüň beripdir.
Zenan öz maşgalasynyň maddy ýagdaýynyň örän gözgynydygyny, toplan soňky puluny inçekesele ýolugan adamsyny halas etmek üçin sarp edendigini gürrüň berdi.
"1200 manat diňe dermanlaryna çykdy, indi maşgala lukmanymyz biziň maşgala agzalarymyza öýkeni rentgene düşürmeli we beýleki analizler tabşyrmaly diýip aýdýarlar, meniň elimdäki azap bilen ýygnanja pulum hiç zada ýetmez öýdýärin" diýip, maryly zenan aýdýar.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maryly çeşmeler alkogol problemasy sebäpli bejergi alan adamlaryň keselden saplanmagyna we ençeme ýylyň geçmegine garamazdan, polisiýanyň hasabyndan aýyrmagyň örän kyndygyny, munuň üçin 10 müň manada çenli para soralýandygyny gürrüň berdiler.
Marynyň polisiýasy tarapyndan dürli sebäpler bilen saklanan adamlar mugt iş güýji hökmünde işledilmekden başga-da, rehimsizlige sezewar edilýärler.
"Bularyň urgysyna we agyr işe çydaman polisiýadan gaçyp gaýdýanlaram bolýar. Olary soň tutsalar köpçüligiň hajathanasynyň içine salyp, 1-2 gün saklaýarlar, soň çykaryp sowuk suwa ýuwundyrýarlar. Bizi her güni daş-töweregi ýapyk uly ýük ulagynyň yzynda oturdyp, şugundyr ýygnamaga alyp barýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanda şugundyr, ýeralma, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnamak we ýüpek gurçuk tutmak ýaly işlere býujet işgärlerini we dürli etmişler üçin polisiýa tarapyndan saklanan raýatlary çekmek tejribesi giňden ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.