Balkanabatda 'türkmen uny' satylmaýar. Ýaşaýjylar un we ýag 'paýoklaryna' garaşýarlar
"Ýylyň başyndan bäri balkanabatlylar un we ýag paýogyna garaşyp ýaşaýarlar, ýöne näme üçindir geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri welaýatda paýok berilmeýär. Döwlet dükanlarynyň satyjylary un we ýag sorap baranlara 'şu hepde berilmeli' diýip, wada berýärler, ýöne gelýän paýok ýok" diýip, balkanabatly çeşme 14-nji fewralda gürrüň berdi.
Il içinde "paýok" diýilýän azyk önümleri döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýar, ýagny adam başyna bir aýda 5 kilogram unuň kilogramynyň 5 manatdan satylmagy göz öňünde tutulýar.
Hususy söwda nokatlarynda satylýan unuň bahasy ýokary bolup, köp maşgalalar üçin elýeterli däl.
Ýerli bazarlarda Türkmenistanda öndürilen un ýylyň başyndan bäri tapdyrmaýar. Daşary ýurtlaryň önüminiň, şol sanda Gazagystandan getirilen unuň bahasy 1 kilogramy 8 we 10 manat aralygynda satylýar, emma bu ilat köpçüligi tarapyndan örän gymmat hasaplanýar. Bu barada Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň 14-nji fewralda beren maglumatynda aýdylýar.
Un we ýag köp maşgalalaryň iýmitiniň esasyny düzýär. Şu sebäpden iki aýlap bu azyklary satyn alyp bilmedik hojalyklar aç galýar.
Balkanabatly ýaşuly öz pensiýasynyň 500 manatdygyny we iýjek çöreginiň uly aladadygyny aýdýarlar.
"Eger paýok görnüşde satylsa 1 kilogramy 5 manatdan düşýär. Biz öň unuň döwlet bahasynyň 50 kilogramynyň 50 manat bolup, onuň gymmatlap 200 manada çykan wagtynda gynanypdyk. Indi bolsa, haltasyny 200 manada tapsak kaýyl. Çörek gytçylygy güzerany has kynlaşdyrdy, eti bolsa diňe hudaý ýoly, toý ýa-da sadakalarda iýäýmesek. Pensiýa un alalymy ýa derman alalymy?" diýip, pensioner aýdýar.
Ilat köpçüliginiň maddy ýagdaýy bazardan azyk satyn alyp iýmitlenmäge mümkinçilik bermeýär. Ilatyň maddy kynçylyklary başdan geçirýän gatlagy diňe pensionerler bilen çäklenmeýär. Ýurtdaky agyr işsizlik, resmi taýdan ykrar edilmeýän inflýasiýa, nyrhlaryň girdejilere görä tiz ýokarlanmagy köp maşgalalaryň azyk üpjünçiligini howp astyna goýýar.
Azyk harytlarynyň täjirçilik nyrhlary yzly-yzyna artyp, diňe şu aýyň başynda azygyň käbir görnüşleri 200%-e çenli gymmatlady.
"Bazarlardaky şu günki harytlar ýurdyň esasy gatlagyna elýeterli däl. Rus we gazak uny gymmat" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşme un söwdasyndaky ýagdaýy we ýurtda öndürilen unuň gytalmagyny şeýle düşündirdi: "Türkmen bugdaýy geçen ýyl soňuna gelip, gutardy, ätiýaçdaky bugdaýlar hem gutardy. Şu sebäpden bu günler orsýet we gazak bugdaýlaryny getirýän ulaglaryň sany köpeldi. Türkmen bugdaýy halkymyzyň una bolan talabynyň 30%-ni kanagatlandyrmaga ýetýär. Galan 70% un we bugdaý Gazagystandan we Orsýetden satyn alynýar" diýip, balkanly söwda bilermeni gürrüň berdi.
Çeşmeleriň anonimlik şerinde beren sanlaryny Türkmenistanyň söwda wekillerine resmi görnüşde tassykladyp bolmady.
Türkmen hökümeti daşary ýurtlar bilen umumy söwda dolanyşygynyň mukdaryny görkezýän sanlary çap etse-de, jikme-jik statistikany, şol sanda un we bugdaý söwdasyna degişli sanlary görkezmeýär.
Türkmenistan ýylda 1 million 400 müň tonna töweregi galla hasylyny alýandygyny yglan edýär, şeýle-de bugdaýy Orsýetden hem Gazagystandan satyn alýar.
Il içinde "paýok" diýlip atlandyrylýan az mukdarly un ýaly esasy azyk önümleri ilat köpçüligi üçin ýyllarboýy uly zerurlyk bolmagyna galýar. Seýrek satylýan azyk paýlarynyň bahasy soňky ýyllarda ýokarlandyrylan hem bolsa, bazardaky nyrhlarda arzanrak düşýär.
Döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleriniň hili köplenç pes bolýar. Muňa garamazdan, azygyň satylan wagtynda uly nobatlar döreýär we alyjylaryň hemmesine ýetmeýär.
Türkmenistanyň hökümeti 2017-nji ýylyň aýagynda dörän we şu günki güne çenli dowam edýän azyk krizisini resmi taýdan boýun almady we sebäbini düşündirmedi. Emma ilata ýeňillikli bahadan un, çörek we ýag satmak tejribesiniň saklanyp galmagy ilat köpçüliginiň maddy ýagdaýynyň gowşaklygyny we azyk gytçylygyny başdan geçirýändigini gytaklaýyn tassyklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.