Türkmenistan Tähranda Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy
17-18-nji fewralda Tähranda geçirilen foruma Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşdy.
Forum Hazar sebitiniň ýurtlarynyň söwda, ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, ylym we tehnologiýa ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy diýip, habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.
Ilkinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.