ABŞ-dan deportasiýa edilen ýene 10 özbek raýaty öýlerine dolanar
Ozal bu raýatlary Kosta-Rika ibermek meýilleşdirilipdi, emma olar watanyna dolanmak isleýändiklerini mälim etdiler.
Şu ýylyň 24-nji fewralynda ýedi raýat Nýu-Ýork-Daşkent reýsi bilen Özbegistana barypdy. Kosta Rika ABŞ-dan deportasiýa edilen Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň 200 raýatyny kabul etmäge razy bolupdy.
Ahror Burhanowyň sözlerine görä, Özbegistanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalary özbek raýatlarynyň öz watanyna howpsuz deportasiýa edilmegini üpjün etmek üçin Amerikanyň kanun goraýjy edaralary bilen ýakyndan işleşýär. Ol zerur halatynda öz raýatlaryna diplomatik hyzmatlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny belledi.
Mundan öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Özbegistanyň 970-den gowrak raýatyny deportasiýa etmegi meýilleşdirýändigi we dürli ýurtlardan deportasiýa edilen daşary ýurtlularyň umumy sanynyň 1,4 million adamdan geçýändigi habar berlipdi.