Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

PÝGG başlyklary sürüjilik şahadatnamasynyň öwezine 'käbir aýallary gatnaşyga zorlamakda aýyplanýar'

0
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Mary we Daşoguz welaýat başlyklary sürüjilik şahadatnamalaryny çykaryp bermegiň öwezine aýal-gyzlardan para-peşgeş talap edýär, kä halatlarda olary jynsy gatnaşyga zorlaýar diýip, bu welaýatlardan bolan zenan maşgalalar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdiler.


“Bu problema ençeme ýyl bäri dowam edip gelýär. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, zenan sürüjilere basyş edip gelýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Daşoguz welaýatyndan bolan bir gelin maşgalanyň sözlerini sitirleýär. Ol “ahlaksyz teklibe garşy çykyp, sürüjilik şahadatnamasyny almakdan ýüz öwrendigini” gürrüň berýär.


Mary welaýatyndan bolan başga bir zenan maşgala ýanwar aýyndan sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutupdyr. Ol hem şeýle teklip bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, sürüjilik şahadatnamasyny almakdan ýüz öwrüpdir.




Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Mary hem-de Daşoguz welaýat başlyklaryndan resmi teswir alyp bilmeýär. Bu mesele boýunça degişli edaralar bilen habarlaşmak synanyşygymyz netije bermeýär.


“Sen işiňi çaltlandyrjak bolsaň, başgaça-da düşünişip bileris” diýip, maryly zenan polisiýa başlygynyň özüne aýdan sözlerini sitirleýär.


“Şondan ozal, meniň ýüz tutmalarymy dürli bahanalar bilen yzyna gaýtaryp durdular. Ahyrynda, şeýle diýdiler. Ýöne, men razy bolmadym. Netijede, şahadatnama almakdan el çekmeli boldum” diýip, maryly zenan aýdýar.


Türkmenistanda zenan maşgalalar sürüjilik şahadatnamasyny almakda öňden bäri dürli päsgelçiliklere sezewar bolup gelýärler. Bu problema aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryna bagyşlanýan halkara ýygnaklarda hem türkmen häkimiýetlerinden jogap talap edilýän möhüm soraglaryň, ynsan hukuklarynyň meseleleriniň hatarynda galýar.


Galyberse-de, Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýyllarboýy ynsan hukuklaryny eden-etdilikli görnüşde depelemekde aýyplanyp gelýärler.


Mary welaýatyndan bolan üçünji bir zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýokary wezipelerde “güýçli tanyş bolsa” häkimiýet wekilleriniň, polisiýa başlyklarynyň şeýle “ahlaksyz teklipleri agzamaga milt edip bilmeýändiklerini” aýdýar.


Ol “tanyş tapyp” sürüjilik şahadatnamasyny almagy başarypdyr. Ýöne ol tanşyň bolsa-da para talaplaryndan sowlup geçip bolmaýandygyny aýdýar.


“Arkaňda her näçe güýçli tanşyň bolsa-da para bermeli bolýar, sebäbi paranyň belli bir bölegi Içeri işler ministrligine barýar diýip eşitdim” diýip, zenan maşgala aýdýar.


Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, demirgazyk welaýatda gelin-gyzlara degişli sürüjilik şahadatnamasynyň “bikanun bahasy” 1000 dollar, Mary welaýatynda bolsa, bu mukdar tas iki esse ýokarlanýar.


Türkmen häkimiýetleri 2023-nji ýylda adam hukuklarynyň meseleleriniň Türkmenistandaky ýagdaýyna bagyşlanyp, Ženewada geçirilen iri ýygnaklaryň birinde ýurtda zenanlara sürüjilik şahadatnamalarynyň berilmezligi bilen bagly ýagdaýlary ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag heläkçiliklerindäki artyşlar bilen ilteşdirmäge synanyşypdy.


Türkmen wekiliýeti şonda 2018-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda aýal-gyzlara 9721 sany sürüjilik şahadatnamasynyň çykarylyp berlendigini aýtdy. Olar şonda aýal-gyzlara ýöriteläp päsgelçilikleriň girizilmegini inkär etdiler.


Şol gabatlar, aýal-gyzlar sürüjilik şahadatnamasyny almakda diňe aýallara garşy girizilen goşmaça ýaş talaby hem-de resminama zerurlyklary ýaly dürli päsgelçiliklere duçar bolupdy.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary öňki ýyllarda Türkmenistanda diňe 40 ýaşdan geçen aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutup bilýändigini, şeýle-de olardan nika şahadatnamasyny görkezmegiň talap edilýändigini habar beripdiler.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň şol wagtky orunbasary Wepa Hajyýew 2023-nji ýylda geçen möhüm ýygnagyň yz ýany, Aşgabatda žurnalistler bilen geçiren seýrek duşuşgynda “erkek adamlar hem sürüjilik synagyndan ýykyklar, olaryň meselelerini gozgaýan adam ýok” diýip çykyş edipdi.


Türkmenistan iri halkara guramalary tarapyndan taýýarlanýan korrupsiýa görkezijilerinde hem dünýä we sebit ýurtlarynyň arasynda yzadaky orunlary eýeleýär.


“Hususan-da, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, polisiýa işgärleri wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanýarlar, para alýarlar. Şeýle hadysalar ýyllarboýy üznüksiz dowam edýär” diýip, fewral aýynda Mary welaýatynda sürüjilik şahadatnamasyny almagy başaran, ýöne özüne “ahlaksyz teklibiň edilmegine rugsat bermedik” aýal maşgala aýdýar.


2023-nji ýylda ýokary wezipeli adamlaryň aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalary boýunça beren beýanatlarynyň yz ýany, bu problema bilen bagly habarlar seýrekleşdi. Ýöne 2024-nji ýylyň aprel hem-de iýun aýlarynda ýurduň dürli künjeklerinde bu mesele bilen bagly problemalar ýene bir gezek gozgaldy.


Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça häkimiýet edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Елена Рыбакина получила новую угрозу в чемпионской гонке WTA






В Москве проходит прощание с шахматистом Борисом Спасским

В России продают Toyota Land Cruiser с пробегом 2 тыс. км в состоянии "капсулы времени"

Счетная палата России вернула в бюджеты почти 150 млрд украденных рублей

Еще один российский маркетплейс заходит в сегмент авторынка